Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli harby ýörişe gatnaşmak üçin Moskwa bardy, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberer, Medine Amanowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy we beýleki habarlar

11:3009.05.2023
0
27939

1. 9-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşmak üçin Russiýanyň paýtagt şäherine bardy.

2. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebinde «Baky polkuň» ýörişi geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen dabara 1200-den gowrak myhman gatnaşdy. Olar adamzat taryhynda iň bir uzaga çeken 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan ata-babalarynyň, ene-mamalarynyň we beýleki garyndaşlarynyň portretleri bilen mekdep binasynyň töwereginde dabaraly ýöriş etdiler.

3. Türkmenistan 2023-nji ýylyň maý aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

4. Golaý wagtda Hytaýa Merkezi Aziýanyň ähli döwlet Baştutanlary sapar bilen bararlar. Bu barada ýurduň DIM-niň wekili habar berýär. Onuň sözlerine görä, HHR-iň Başlygy Si Szinpin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewi hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony 16 — 20-njy maý aralygynda öz ýurduna döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Diplomat çagyrylan Prezidentleriň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşjakdyklaryny habar berdi.

5. 10-njy maýdan 30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan sergi guralar. Sergide Italiýany suratlandyryp, Bel Paese — tebigatyň we adamlaryň özüne çekijiligi we dürlüligi barada gürrüň berýän 75 suratçynyň işi görkeziler.

6. 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda Özbegistanda wagtyndan öň Prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli resminama gol çekdi. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlawlaryň wagtyndan öň geçirilmeginiň sebäbini Özbegistanyň täzelenen Konstitutsiýasynyň Prezidentiň, Parlamentiň, Hökümetiň, ministrlikleriň we häkimlikleriň öňünde gijikdirip bolmaýan täze syýasy we dumuş-ykdysady wezipeleri goýýandygy bilen delillendirdi.

7. Türkmenistanly agyr atletikaçy Medine Amanowa Çinju şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip kümüş medala mynasyp boldy. Amanowa itekläp götermekde 117 kilogram, silterläp götermekde 90 kilogram we iki görnüşiň jemi boýunça 207 kilogram netije görkezdi. Çempionatda 211 kilogram netije görkezen mongoliýaly türgen birinji orna mynasyp boldy

8. Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna ýaponiýaly hünärmen, Aziýanyň (1995-nji ýyl) we Aziýa oýunlarynyň (1998-nji ýyl) çempiony Kazuhiko Tokuno tälim berer. Ol iki ýylyň dowamynda ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde türkmen türgenlerini dünýä çempionatyna we beýleki halkara ýaryşlara taýýarlar. Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasy ýaponiýaly tälimçiniň öňünde Halkara dzýudo federasiýasy tarapyndan geçirilýän ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini artdyrmak hem-de 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna has köp ýollanmalary gazanmak ýaly wezipeleri goýdy.

9. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň bilelikde guramagynda 12 ýaş we ondan kiçi ýetginjek oglan gyzlaryň arasynda tennis sporty boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty tamamlandy. Çempionata 90-dan gowrak türgen gatnaşdy. Çempionatda gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Aşgabat tennis klubynyň türgeni Sülgün Işangulyýewa birinji orny eýeledi. Jübütleýin ýaryşda hem gyzlaryň arasynda Sülgün Işangulyýewa bilen Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky Türkmen-rus umumybilim berýän orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Anna Pontaýewa birinji orny eýelemegi başardylar.

10. PSŽ-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi «Laureus» bütindünýä sport akademiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň «Iň gowy türgeni» diýlip yglan edildi. Bu baýrak üçin Messiniň esasy bäsdeşleri topardaşy Kilian Mbappe we «Formula-1»-iň niderlandly iki gezek çempiony Maks Ferstappen, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal we amerikaly basketbolçy Stefen Karri dagylar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň