Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda italýan suratçylarynyň sergisi açylar

18:0408.05.2023
0
35406

10-njy maýdan 31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan sergi guralar.

Sergi Italiýanyň degişli ministrliginiň we «Fondazione Alinari Fotografia» guramasynyň başlangyjy bilen döredildi.

Sergide Italiýany suratlandyryp, Bel Paese — tebigatyň we adamlaryň özüne çekijiligi we dürlüligi barada gürrüň berýän 75 suratçynyň işi görkeziler. Suratlar dürli tehniki we çeperçilik usullary bilen ýasaldy diýip, Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň