Türkmenistanda web saýt döretmek

Web saýty döretmekde esasy üns berýän ugrymyz: howpsuzlykdyr. Bu barada dünýäniň iň soňky tejribelerini öz işlerimizde giňden peýdalanýarys. 

Döredýän web saýtymyzyň hili ýokary bolandygy üçin biz azyndan 1 ýyl kepillik berýäris.

Häzirki zaman saýtlaryň talaplary bolan: funksionala baý, ulanmaga ýeňil, ýakymly dizaýn we kross platforma ýaly talaplary Siz üçin aýratyn çözgüt işläp taýýarlarys.  

Saýtyň ýokary ygtybarly we işleýiş tizliginiň çalt bolmagy, ähli isleg bildirýänler üçin 24 sagadyň we hepdäniň 7 gününiň dowamynda Siziň web saýtyňyz internetde elýeterli bolmagyny üpjün eder. 

Maglumatlary dolandyrmagyň sada we amatly bolmagy.  Görenden düşnükli interfeýsiň bolmagy, sazlamalaryň sowatly ýerleşdirilmegi, köp funksionallyk – biziň köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribämiz Siziň üçin täze mümkinçiliklere ýol açar.

Hemişelik goldaw we ösüş. Hyzmatlaryň esasy bukjalary yzygiderli maslahat we tehniki goldaw serwisini, şeýle hem dolandyryş uglamlarynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.  

 

 

Biziň üstünlikli ýerine ýetiren taslamalarymyz bilen şu ýerden tanyş boluň!

Biziň işimizde alyp barýan pelsepämiz:

   Siziň şahsy reňkleriňizi we stiliňizi ulanyp hiç ýerde gaýtalanmaýan dizaýnly web saýtyňyzy döretmekde ýardam bereris. 

   Elbetde biz garantiýa berýäris, sebäbi, biziň işimiz ýokary hilde ýerine ýetirilendigine ynyamymyz bar.

   Web saýtyň çalt işlemegini we gözleg sistemalarda onyň ýokary derejeleri gazanmagyny üpjün ederis.

   1 ýyl goldaw – mugt!

   Goldaw bereris: Web saýty tabşyrylandan soňra, onda işlemek üçin okuw geçireris.

   Iň esasy we wajyp mesele – web saýtyň howpsuzlygyny üpjün ederis. Sebäbi biz öz işimizde howpsuzlykda ulanylýan halkara standartlary Siziň web saýtyňyza hem ornaşdyrarys.