Türkmenistanda ýokary ýa-da ýörite orta hünär bilimini almak her bir adama hünär taýdan derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurtda 22 sany ýokary okuw mekdebi we 45 sany ýörite orta hünär okuw mekdebini özünde jemleýän ösen bilim ulgamy hereket edýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamy
Türkmenistanda ýokary bilim köp derejeli gurluşa eýedir. Bakalawr maksatnamasy 4 ýyl bolup, şondan soň uçurymlar bakalawr derejesini alýarlar. Okuwyny dowam etdirmek isleýänler üçin bolsa 2 ýyl dowam edýän magistr maksatnamasy bar.
Ýörite orta hünär bilimi kollejlerde we tehnikumlarda geçirilýär. Okuwyň möhleti dalaşgäriň hünärine we esasy bilimine baglylykda, 2 ýyldan 3 ýyla çenli dowam edýär.
Okuwa giriş
Türkmenistanyň okuw mekdeplerine giriş resminamalary degişli ýokary okuw mekdepleriň we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň seçip alyş toparlary tarapyndan kabul edilýär. Her okuw mekdebi dalaşgärler üçin öz talaplaryny, resminamalary tabşyrmagyň möhletlerini we zerur resmi-iş kagyzlarynyň sanawyny kesgitleýär.
Adatça, giriş resminamalarynyň toplumy şulary öz içine alýar:
- Orta bilim hakyndaky şahadatnama ýa-da diplom;
- Saglyk kepilnamasy;
- Bellenen nusgada fotosuratlar;
- Okuwa girmek üçin arza.
Resminamalaryň kabul edilişi
Her ýokary okuw mekdebiň resminamalary kabul ediş çäresi baradaky maglumatlar yzygiderli täzelenilýär we resmi çeşmelerde ýerleşdirilýär. «Turkmenportal» web saýtynda hem dalaşgärleriň okuwlaryň talaplary, gerekli resminamalary tabşyrmagyň möhletleri we her ýokary okuw mekdebine girmegiň özboluşly aýratynlyklary baradaky giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilen ýörite bölümçe açyldy.
Dalaşgärler üçin maslahatlar
Bilim edarasy saýlanyp alnanda, ilki bilen, talaplary deslapdan öwrenmek we zerur resminamalary taýýarlamak möhümdir. Okuwa girmegiň tertibi we dalaşgärlere bildirilýän talaplar barada iň täze maglumatlary almak üçin degişli ýokary okuw mekdebiň seçip alyş toparyna ýüz tutmak maslahat berilýär.
Resminamalary wagtynda tabşyrmak we giriş synaglaryna irginsiz taýýarlyk görmek okuw mekdebine üstünlikli girmek mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýar.