Kontent-menejer – Türkmenistanda saýtlary doldurmak

Saýtyň hereket etmegi, kämilleşmegi we öz eýesine hem-de ulanyjylara peýda getirmegi üçin, ony goldajak we mazmunly tekst bilen öz wagtynda doldurjak/üstüni ýetirjek adam gerek. Şular ýaly hünärmen saýtyň kontent-menejeri diýlip atlandyrylýar.

Kontent-menejer – öz borçlaryna saýty mazmunly tekstden doldurmaklyk, ozal neşir edilen maglumaty täzelemeklik, täzelikleriň we saýtyň beýleki makalalarynyň aktuallygyna gözegçilik etmeklik girýän adamdyr.

Kontent-menejment – siziň saýtyňyzy dolandyrmak işidir. Siziň saýtyňyz nähili derejede gowy hem gymmatly bolsa-da, mazmunly tekst bolmasa ol uzaga çekmese gerek. Müşderiler we gözlegi amala aşyrýan maşynlar üçin saýt diňe özünde mazmunly tekste eýe bolanda gyzykly bolup biler. Kontent-menejeriň wezipesi – şular ýaly mazmunly teksti tapmakdan we ýerleşdirmekden ybaratdyr.

Saýtlary doldurmaklyk ýokary derejeli endik-başarnyklary we bilimleri talap edýär, şol sebäpli hem bu meseläni ýokary hilli ýerine ýetirmeklik üçin biz saýtyň kontent-menejerini hödürleýäris. Ol ussatlyk bilen we tizara ýagdaýda siziň saýtyňyzyň we internet-dükanyňyzyň sahypalaryny doldurar, ozal girizilen maglumatlary redaktirlär we täze maglumatlaryň öz wagtynda taýýarlanylmagyna we ýerleşdirilmegine gözegçilik eder.

Biz dürli mazmunly tekstler bilen saýtyňyzy doldurmaklyga ýardam bereris: 

  • Gelip düşýän wezipeleriň ýerine ýetirilmegi;
  • Müşderiniň saýtynda makalanyň/habarlaryň ýerleşdirilmegi;
  • Şekiller;
  • Tablisalar;
  • Seslenmeler, düşündirişler.

Saýty doldurmaklyga ýazylyň we siz ýokary hünärli kontent-menejeriň hyzmatyna eýe bolarsyňyz! Mundan beýläk Siziň saýtyňyzy alyp barmak üçin işgär kabul etmek we munuň üçin gymmatly wagtyňyzy sarp etmek zerurlygy ýok!

Öz saýtyňyzyň salgysyny we islegleriňizi görkezmekligi ýatdan çykarman isleg-talaplaryňyzy häziriň özünde iberip ýa-da şu belgä jaň edip bilersiňiz +99363 32 29 50.