Adybir brend astynda önüm öndürýän «Täze aý» önümçilik birleşigi önümçiligi yzygiderli ösdürmek we hile gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň bazaryndaky öz ornuny berkitmegini dowam edýär. Şu günki günde kompaniýanyň önümleri köp görnüşliligi, durnukly hili we azyk önümleriniň howpsuzlygynyň halkara talaplaryna laýyk gelýändigi bilen tanalýar.
Kärhananyň işiniň esasy ýörelgeleriniň biri hem önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary hili üpjün etmekden ybaratdyr. Çig maly saýlap almaga, tehnologik prosesleriň berjaý edilmegine, taýýar önümleriň tagam aýratynlyklaryna we olaryň sarp edijileriň häzirki zaman isleglerine laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.
Kompaniýanyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri hem halal standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän önümleri öndürmekdir. Önümçilik prosesleri «Halalworld International Commerce Development Organization» halkara guramasy tarapyndan berlen «Halal» sertifikatyna laýyklykda berk gözegçilikden geçirilýär. Bu resminama önümçiligiň we öndürilýän önümleriň halkara halal standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Önümçilik proseslerini guramagyň ýokary derejesi halkara menejment ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen hem tassyklanylýar. Kärhana hile gözegçilik ulgamyny düzgünleşdirýän ISO 9001:2015 standartynyň talaplaryna laýyklykda işleýär, azyk önümleriniň howpsuzlygy bolsa önümçiligiň we gözegçiligiň ähli tapgyrlaryny öz içine alýan ISO 22000:2018 standarty esasynda üpjün edilýär.
Önümleriň täzeligini alyjylara ýetirilýänçä saklamak kärhananyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin önümçilikde zerur bolan temperatura düzgünini üpjün edýän ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlar işleýär. Söwda nokatlaryna önümleri eltmek işi bolsa sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen ulaglar arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa daşalýan wagtynda önümleriň hilini we sarp ediş aýratynlyklaryny gorap saklamaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýa arassaçylyk we weterinariýa talaplarynyň berjaý edilmegine hem uly üns berýär. Önümçilik işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň şahadatnamalary, şeýle hem Mary welaýatynyň Weterinariýa gullugynyň sertifikatlary esasynda alnyp barylýar.

Rugsat beriji resminamalaryň we halkara sertifikatlaryň doly toplumynyň bolmagy önümleriň bellenilen hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Döwrebap tehnologiýalar, önümçilik prosesleriniň berk gözegçiligi, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi we hili dolandyrmak ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi kärhana alyjylaryň ýokary ynamyny saklamaga şert döredýär.
Häzirki wagtda «Täze aý» halkara standartlary, döwrebap tehnologiýalary we işiň her bir tapgyryna jogapkärli çemeleşmäni utgaşdyryp, öz önümçiligini ösdürmegini dowam edýär. Şeýle çemeleşme brende Türkmenistanda azyk onümlerini öndürýän iň tanalýan kärhanalaryň biri bolup galmaga, hil we howpsuzlyk hemişelik ileri tutulýan ugurlary bolan kompaniýa hökmünde abraýyny berkitmäge mümkinçilik berýär.