Türkmenistanyň eksporty barada gürrüň açylanda, köplenç, tebigy gaz, dokma önümleri ýa-da oba hojalygy ýatlanylýar. Emma häzirki wagtda ýene-de bir ugur — hili, tehnologiýalary we dünýä standartlaryna laýyklygy netijesinde halkara bazarynda bäsleşip biljek döwrebap gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi barha uly ünsi özüne çekýär.
Senagat eksportynyň üstünlikli ösdürilmeginiň mysallarynyň biri hem ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýurduň daşynda tanalýan brende öwürmegi kem-kemden amala aşyrýan «Ak Bulut» türkmen kompaniýasydyr.
Kompaniýa birbada birnäçe ugurlary ösdürýär: asma potolok ulgamlarynyň, metal profilleriň, gips serişdeleriniň, gury gurluşyk garyndylarynyň, gipsokartonlaryň, şeýle hem «BOARDLINE» innowasion fasad çözgütleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri ýaşaýyş jaýlaryndan başlap, täjirçilik we jemgyýetçilik binalaryna çenli dürli gerimdäki gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýar.

«Ak Bulut» kompaniýasynyň esasy önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde döwrebap gurluşygyň talaplaryna laýyk gelýän, ulanyş taýdan amatlylygy we uzak ömürliligi bilen tapawutlanýan döwrebap asma potoloklaryň we profil ulgamlarynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Kompaniýanyň ösüşindäki möhüm tapgyrlaryň biri hem 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Lebap welaýatynda, Dostluk şäheriniň golaýynda täze iri zawodyň açylmagy boldy. Meýdany 20 müň inedördül metre barbar bolan täze önümçilik toplumy döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, kompaniýanyň esasy desgalarynyň birine öwrüldi. Bu ýerde gips, şpaklýowka, gipsokarton we «BOARDLINE» innowasion fasad örtügi öndürilýär.
Täze kärhananyň kuwwaty her ýylda 50 müň tonna çenli gury gurluşyk garyndylaryny we 4 million inedördül metr gipsokartony öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle önümçilik meýdançalarynyň döredilmegi kompaniýanyň diňe bir ýurduň içerki isleglerini üpjün etmäge däl, eýsem, Türkmenistanyň eksport mümkinçiligini berkitmäge bolan ymtylmasyny görkezýär.

«Ak Bulut» kompaniýasynyň strategiýasynyň aýratynlygy — kompaniýanyň diňe bir önümçilik göwrümine däl, eýsem, önümleriň hiline hem uly üns berýänligidir. Häzirki zaman gurluşyk bazary serişdeleriň ekologiýa taýdan arassalygyna, howpsuzlygyna we energiýa netijeliligine has uly ähmiýet berýär — hut şu ugurlar hem kärhananyň ösüşinde esasy şertler bolup durýar.
Tebigy gips esasynda öndürilýän «BOARDLINE» fasad panelleri kompaniýanyň geljegi uly bolan önümleriniň biridir. Bu serişde ekologiýa taýdan arassalygy, estetik gözelligi we ýokary ulanyş aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Paneller ýangyn howpsuzlygy, çyglylyga durnuklylygy we düzüminde zyýanly maddalaryň ýokdugy bilen tapawutlanýar, munuň özi bolsa olary häzirki zaman gurluşyk taslamalarynda isleg bildirilýän önüme öwürýär.
Asma potolok ulgamlaryň önümçiligi hem möhüm ugurdyr. Kompaniýa on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda potoloklaryň dürli görnüşlerini: winil örtükli gips, metal, alýumin we akustiki çözgütleri öndürip gelýär.

Bazarda aýratyn gyzyklanma döredýän önüm bolsa ses derejesini peseltmäge we otaglaryň içinde oňaýly gurşawy döretmäge ýardam edýän akustiki potoloklardyr. Şeýle ulgamlar iş otaglarynda, bilim edaralarynda, maslahat zallarynda, lukmançylyk desgalarynda, myhmanhanalarda we akustiki amatlylyk hem-de döwrebap dizaýn möhüm bolan beýleki binalarda işjeň ulanylýar.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, häzirki wagtda gurluşyk serişdelerine bolan talaplar ep-esli üýtgedi.
«Häzirki zaman sargytçysy diňe bir önümiň daşky görünüşine baha bermeýär. Howpsuzlyk, ekologiýa taýdan arassalyk, uzak ömürlilik we halkara standartlaryna laýyklyk örän möhümdir. Şonuň üçin biziň wezipämiz — döwrüň talaplaryna jogap berýän we ýurduň içinde-de, onuň daşynda-de isleg bildiriljek serişdeleri döretmekdir» — diýip, «Ak Bulut» kärhanasynda belleýärler.
Önümleri öňe sürmekde halkara gurluşyk sergileri möhüm orun eýeleýär. Kompaniýa bu sergilerde öz taslamalaryny görkezýär, pudagyň täze meýilleri bilen tanyşýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýýar. Şeýle bu meýdançalar türkmen önümçiliginiň mümkinçiliklerini görkezmek we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikdir.
Eksport ugry kärhananyň işinde barha uly orun eýeleýär. Şu günki günde «Ak Bulut» önümleri daşary ýurtlara iberilýär, kompaniýanyň strategik maksatnamalarynyň biri bolsa eksportyň paýyny öndürilýän umumy önümleriň 50 göterimine çenli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Halkara giňişligindäki ornuny giňeltmegiň mysallarynyň biri hökmünde «BOARDLINE» fasad panelleriniň Özbegistana iberilmegi görkezilip bilner. Bu taslama eýýäm birnäçe aý bäri ösdürilýär we Türkmenistanda öndürilýän döwrebap gurluşyk çözgütlerine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny aýdyň görkezýär.

Dünýäniň gurluşyk pudagy häzirki wagtda ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we tehnologik serişdelere tarap uly ädimler ädýär. Bu talaplara laýyk gelip bilýän kompaniýalar ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýarlar.
«Ak Bulut» kompaniýasynyň taryhy önümçilik binýadyny ösdürmegiň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we halkara standartlaryna eýermegiň ýerli öndürijä milli bazaryň çäginden daşary çykmaga nähili şert döredýändigini subut edýär.
Häzirki wagtda kompaniýa täze ugurlary ösdürmek, eksporty giňeltmek we halkara gurluşyk meýdançasynda «Made in Turkmenistan» (Türkmenistanda öndürildi) nyşany bolan önümleri hödürlemek bilen öz ornuny berkitmegini dowam edýär.