Turkmenportal logo
09.05.23
3337533375
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa bardy
Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin şu gün Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasyna salgylanyp, TASS habar berdi.


Ondan öň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Ermenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň hem Moskwadaky dabaraly çärelere gatnaşýandyklaryny tassyklady diýlip, habarda aýdylýar.


1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň hormatyna Moskwadaky Gyzyl meýdançadaky dabaraly ýöriş şu gün Aşgabat wagty bilen 12:00-da başlaýar.