Top.Mail.Ru

26-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:5026.12.2024
0
18901

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa iş saparyny amala aşyrdy, Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 25-nji dekabr Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Sammitiň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geljek ýyl Moskwada geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Türkmenistana ugrady.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurluşygy alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täze saglygy goraýyş toplumynyň binalarynyň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, onuň enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri görkezildi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe «Azerbaijan Airlines» awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Maýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany Maýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň hatyrasyna bu ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

5. 25-nji dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli tanymal aýdymçy we aktýor Murat Boz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş etdi. Bu onuň 11 ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistandaky ikinji çykyşydyr. Ol ilkinji gezek 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk konsertinde çykyş edipdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtlaryň belli estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Täze ýyl baýramçylyk konsertleri 28-nji dekabra çenli dowam eder. Öňde Amani Swissiniň, Arsen Şahunsyň we Gülşen Baýraktaryň çykyşlary bar.

6. Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy hytaý dilinde neşir edildi. Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Dabara Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäde

7. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ak kelleli bürgüde ABŞ-nyň milli guşy derejesini bermek baradaky kanuna gol çekdi. Ak kelleli bürgüt 250 ýyldan gowrak wagt bäri ABŞ-nyň kuwwatynyň nyşany hasaplanýar. Onuň şekili ilkinji gezek 1782-nji ýylda ABŞ-nyň Uly möhürinde ulanyldy. Ak kelleli bürgüt Demirgazyk Amerikanyň haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilidir. Beýleki bürgütlerden tapawutlylykda, bu guş deňiz kenarlarynyň we uly suw howdanlarynyň golaýynda ýaşamagy makul bilýär hem-de esasan balyk bilen iýmitlenýär.

8. Londonyň daşky gurşawy goramak baradaky komiteti bäş ýaşly çaga 1000 funt sterling jerime saldy. Munuň sebäbi köçede gyzyň ady ýazylan gaplama böleginiň tapylmagy boldy. Şäheriň ekologiýa gullugynyň wekilleri çaganyň kakasy bilen habarlaşyp, gyzyň zibil taşlamak düzgünlerini bozandygyny öňe sürdi. Şeýle-de bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň ýa-da gullugyň işgärleriniň hiç biri-de çaklanylýan jenaýata şaýat bolmady. Ýagdaý diňe şäher geňeşiniň wekili Stiwen Hikmanyň goşulyp, çagalara jerime salmak tejribesini tankytlamagyndan soň çözüldi. Ekologiýa gullugy özüni aklamak üçin çaklanylýan düzgün bozujynyň ýaşy barada hiç hili maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Netijede, jerime ýatyryldy.

Sport täzelikleri

9. Türkmenistanly türgen Süleýman Hudaýberdiýew Jidda şäherinde 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldy. Sylag gowşuryş dabarasynda medallary Süleýmana häzirki zaman tennis dünýäsiniň iň beýik tennisçileriniň biri Rafael Nadal gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň