Dünýäniň gurluşy, özboluşly aýratynlyklary, durmuşyň hem-de ynsan gatnaşyklarynyň filosofiýasy, üstünlige ýetmek, işewürligi ösdürmek, şahsy pikirleniş ukybyňy zerur bilimler we başarnyklar bilen baýlaşdyrmak ýaly düşünjeler biziň her birimizi gyzyklandyrýar. Ynsanyň şahsy ösüşi üçin tejribede subut edilen, durmuşda hakykatdan hem peýda getirýän ýa-da isleglerini kanagatlandyrýan maglumatlaryň toplumy zerur bolýar. Bu ugurlarda bilimleri kämilleşdirmek üçin bolsa iň gowy çeşme kitaplardyr. Kitaplar adamyň beýan edilýän ideýalardyr pikirleri, gözükdirmeleri, maslahatlary özbaşdak okap özleşdirýändigi, olaryň islendik wagt elýeterlidigi, uly göwrümli maglumatlaryň bir mazmunda jemlenendigi üçin netijelidir. Kitaplaryň gadymyýetden häzire çenli mazmun hazynasy bolup gelýän gymmatlykdygy nukdaýnazardan, olar ýene ýyllar-asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmez.
Kitaplar hakda söz açylanda, ilki bilen, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň barha ösüp-özgerýän ýagdaýyna üns çekmek gerek. Çünki munuň özi ähli zada öz täsirini ýetirýär, şol sanda kitaplaryň mazmunyna-da. Kitaplara bolan isleg, olaryň mazmuny döwre görä yzygiderli özgerýär. Edil şu günki günde okyjylaryň aglabasy geçen asyryň ortalaryna amerikan edebiýatynda döräp has giň gerime eýe bolan non-fikşn žanryndaky kitaplara öz tekjesinden aýratyn orun berýändigini nygtamalydyrys.
Non-fikşn edebiýat näme?
Non-fikşn edebiýat çeper eserlerden tapawutlylykda, anyk maglumatlara, has anygy anyk durmuşy wakalara, ýagdaýlara, ylmy nazaryýetlere esaslanýan eserleriň žanrydyr. «Non-fikşn» diýip adalga görnüşinde ulanmagymyzyň esasy sebäbi onuň diňe bir gysga sözdügi üçin däl, eýsem, gürrüňini edýän mowzugymyzyň — şahsy ösüşi gazanmagyň ähli ugurlaryny bir sapaga düzýändigi üçindir.
Non-fikşn eserlere fakt esasly, biografiki, ensiklopedik, psihologiýa, filosofiýa, işewürligi ilerletmek ýaly temalardaky kitaplar mahsus. Onuň esasy ugurlary diýip şulary bellemek bolar: ylmy-populýar kitaplar, şahsy ösüş we psihologiýa, işewürlik we maliýe gatnaşyklary, biografiýa we memuarlar...
Bu kitaplary näme üçin okamaly?
Şahsy ösüş üçin niýetlenen kitaplar diýmek bilen, çeper eserlerden hem non-fikşn eserleriňki ýaly durmuşy manyny alyp bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Has anygy, çeper eserleriň galabasy dünýäni özgerden ideýalary özünde jemleýär. Emma non-fikşn eserler haýsydyr bir ugry çuňňur öwrenmek (mysal üçin, biznes, maliýe gatnaşyklary, psihologiýa, taryh, döredijilik...) üçin has netijelidir. Hut şunuň üçinem olary düşünip, deňeşdirip, seljerip okamak okyjynyň intellektual kämilligini kesgitläp biler. Olar ýazyjynyň şahsy konsepsiýasyndan ybarat bolup, netijeli tejribeleri mazmunynda jemleýär. Şu ugur, ýagny tejribede subut edilen aýratynlygy bolsa bu eserlere bolan islegiň hemişe uly bolmagyny şertlendirýär.
2026-njy ýylda okamak maslahat berilýän non-fikşn kitaplar
Sözümizi uzaltman, häzire çenli çap edilen iň gowy non-fikşn eserleriniň hataryndan şu günüň okyjysy üçin kitap tankytçylarynyň, şeýle hem millionerleriň maslahat berýän eserleriniň gysga sanawyny size ýetirýäris. Kitaplar birnäçe ugur boýunça, şeýle hem abraýly neşirleriň beren teswirleri bilen hödürlenýär:
1. «Atomik endikler» (Атомные привычки) — Jeýms Kler
«Iň gowy endikleri özleşdirmek maksady bilen, iň köp okalýan we peýdaly kitap» — «The Guardian».
Jeýms Kler endikleriň nähili emele gelýändigini öwrenýär, alymlaryň işine esaslanmak bilen, ösüşimizi togtadýan zatlary düşündirýär. Awtor kiçijik, biri-birine bagly özgerişlikleriň nähili uly üýtgeşmelere getirip bilýändigine öz delillerini getirýär. Kitap örän kiçi, gündelik adaty zatlar arkaly nädip uzak möhletli üstünliklere ýetip boljakdygyny salgy berýär.
2. «Çeýe aň» (Гибкое сознание) — Kerol Dwek
«Pikirlenişiňizi üýtgetmek üçin iň täsirli psihologiýa kitaby» — «Publishers Weekly»
Stenford uniwersitetiniň professory Kerol Dwek adam aňynyň iki dürli pikirlenişde (adaty we ösüşe gönükdirilen) bolup biljekdigini belleýär. Adaty pikirlenýän adamlar: «Men özümi üýtgedip bilemok», ösüşe meýilli pikirlenýän adamlar: «Endiklerimi özgertsem we yhlas etsem, öwrenip bilerin» diýen düşünjede bolýarlar.
3. «Haýal pikirlen, tiz çöz» (Думай медленно решай быстро) — Deniýel Kaneman
«Adam pikiriniň iň çuňňur derňewi» — «The New York Times Book Review»
Nobel baýragyna mynasyp bolan ykdysatçy-psiholog Deniýel Kaneman ynsanyň pikirlenişiniň iki ulgamyny — çalt, instinktleşen hem-de haýal, emma ylymly pikirleniş ulgamlarda bolýandygyny düşündirýär. Bu eser biziň nädogry kararlary näme sebäpden kabul edýändigimizi, ýalňyşlyklarymyzyň köpüsiniň nireden gelýändigini görkezýär.
4. «Gutulgysyz: Geljegimizi kesgitlejek 12 sany tehnologik trend» (Неизбежно: 12 технологических трендов которые определяют наше будущее) — Kewin Kelli
«Häzirki döwürde ýörgünli bolan antiutopiki çaklamalardan tapawutlylykda, Kewin Kelli ylham beriiji «Ýol kartasyny» hödürleýär» — «New York Times»
Kewin Kelliniň «Gutulgysyz. Geljegiň 12 sany tehnologik trendi» atly kitaby häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüş ugruna we olaryň geljegimize ýetirjek täsirine dogry düşünmek üçin okalmasy hökmany kitaplaryň biridir. Awtor sanly dünýäniň ösüşiniň «gutulgysyz» ugur boýunça dowam edýändigini we geljekde jemgyýeti, ykdysadyýeti hem-de durmuş ýörelgelerini özgertjek 12 sany esasy tehnologik trendi düşündirýär. Olaryň arasynda emeli aňyň ösüşi, ähli zadyň sanlylaşdyrylmagy, bulut tehnologiýalary, wirtual hakykat, platforma ykdysadyýeti hem-de maglumatlaryň çuňňur seljerilmegi ýaly ugurlar bar. Kitap geljege taýýarlyk görmek isleýän işewürler, döredijilik işgärleri, žurnalistler we beýleki okyjylar üçin örän peýdaly bolup, tehnologiýanyň ösüşini howp hökmünde däl-de, mümkinçilik hökmünde kabul etmegi maslahat berýär.
5. «Çuňňur iş» — (В работу с головой) Kel Nýuport
«Häzirki zaman iş düşünjesine meýdan okaýan iň möhüm kitap» — «Kirkus Reviews».
Kel Nýuport hatda iň tejribeli diýilýän hünärmenleriň hem käsiniň häzirki zaman iş gurşawynda hakyky, çuňňur, döredijilikli işe dogry üns berip bilmeýändigini görkezýär. Nýuport kitabynda diňe nazary düşünjeleri nygtap durmaýar, ol hakyky usullary, gündelik tertipleri we işi gurap bilmegiň anyk ýollaryny görkezýär.
6. «Dört müň hepde» (Четыре тысячи недель) — Oliwer Burkeman
«Wagty kadalaşdyrmak baradaky iň nusgalyk we dogry kitap» — «The Observer».
Bu kitap adaty «netijelilik» mowzugyndaky kitaplardan düýpgöter tapawutlanýar. Burkeman ynsanyň ömrüniň ortaça dört müň hepde bilen çäklenýändigini we şonuň üçin onuň her bir zada ýetişmek isleginiň özüni aldamaga barabardygyny ýazýar. Emma bu pessimizm däl — tersine, ömrüňi has manyly geçirmek üçin çuňňur amaly maslahatdyr.
7. «Dosty nädip gazanmaly we adamlara täsiriňi ýetirmeli» (Как завоёвывать друзей и оказывать влияние на людей) — Deýl Karnegi
«Durmuşy özgerdýän eserleriň içinde iň nusgawysy» — «Generations of critics».
1936-njy ýylda ýazylan bu eser üstünden 90 ýyl geçse-de, netije bermegini dowam etdirýär. Karnegi adamlaryň aslynda durmuşda näme gazanmak isleýändigini, olaryň göwnüniň näderejede hormatlanmagy we düşünilmegi küýseýändigini sada we manyly dilde düşündirýär. Ylaýta-da, häzirki sosial media ulgamlarynyň döwründe köpçülik bilen çyn gatnaşyklary gurmak has kyn boldy. Şonuň üçin Karneginiň maslahatlary öňküsindenem has wajyp ähmiýete eýedir.
8. «Pullaryň psihologiýasy» (Психология денег) — Morgan Hauzel
«Pul barada ýazylan iň düşnükli we iň peýdaly kitap» — «Financial Times».
Morgan Hauzel pul meselesiniň diňe matematika ýa-da ykdysadyýet bilen çözülmeýändigini görkezýär. Awtoryň pikiriçe, ony çözýän zat akyl ýetirmek we duýgy bilen bagly. Adam näme üçin aýlygyna görä köp harçlaýar? Näme üçin baý adamlar hem öz ýalňyşlyklaryna doly düşünmeýärler? Bu soraglaryň jogaplaryny Hauzel 19 sany gysgaça we aýdyň baplarda düşündirýär.
9. «Baý kaka, garyp kaka» (Богатый папа бедный папа) — Robert Kiýosaki
«Maliýe erkinligine täzeçil nazar» — «USA Today».
Kiýosaki bu kitapda iki sany adamy — ýagny, öz kakasyny we dostunyň kakasyny deňeşdirmek arkaly pula bolan dürli garaýyşlary hem-de pikirleriň nähili düýpgöter tapawutlanýandygyny belleýär. Kitap baýlygyň näme üçin diňe köp işlemek bilen gazanylmaýandygyny sada dilde düşündirýär. Bu eser maliýe taýdan erkin bolmak isleýän islendik adam üçin ilkinji ädime öwrüljek kitap bolup biler. Ol dünýäniň 32 diline terjime edilip, 40 million nusgadan gowrak satyldy.
10. «Beden hemme zady ýatda saklaýar» (Тело помнит всё) — Bessel wan der Kolk
«Adam ömrüniň iň çuňňur hem täsirli suratlandyrmalaryndan biri» — «The New Yorker».
Psihiatr Bessel wan der Kolk onýyllyklaryň tejribesine salgylanyp, adamyň emosional «ýaralar» bilen nähili ýaşaýandygyny we sagalmagyň ýollaryny düşündirýär. Bu diňe agyr ýagdaýlara düşen kişiler üçin däl, eýsem, stres, howsala we içki dartgynlylyk bilen ýaşaýan islendik adam üçin gymmatly maslahatlary berýän eserdir.
Tankytçylar bu kitabyň psihologiýa we şahsy ösüş mowzugynda iň möhüm eserlerden biri hökmünde yzygiderli iň köp okalýan kitaplaryň biridigini belleýärler.
Jemleme
Ýokarda getirilen eserleriň sanawyny edil şolar ýaly eserleriň ýene ýüzlerçesi bilen dowam etdirip bolar. Emma bu 10 kitap tankytçylaryň seljermesi we maslahatlary, okyjylaryň teswirleri esasynda häzirki döwrüň adamy üçin iň netijeli diýlip saýlanyldy. Olaryň köpüsi bu golaýda neşir edilen eserler däl. Olar häzirki ählumumylaşma şertlerinde döwrüň talaplaryna, tendensiýalaryna kybap gelýän eserlerdir. Onsoňam, şahsy ösüş üçin niýetlenen kitaplaryň köpüsinde ýyllara boýun egmejek «demir» ýaly berk we kadaly durmuş ýörelgeleri beýan edilýär. Olaryň käbiri köp ýyllar bäri müňlerçe ynsanlaryň durmuşyny görnetin özgerdip geldi. Olaryň mazmunynda beýan edilýän pikir-garaýyşlar, maslahatlar görnükli işewürleriň, millionerlerdir milliarderleriň üstünliginiň hem esasy syrydyr. Belki, bu eserler siziňem durmuşyňyzy özgerder.
Peýdalanylan çeşmeler: nytimes.com; thenationalbookreview.com; goodreads.com; nybooks.com; booksite.ru.