Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýaly Kazuhiko Tokuno dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna tälim berer

19:1708.05.2023
0
28893

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna ýaponiýaly hünärmen, Aziýanyň (1995-nji ýyl) we Aziýa oýunlarynyň (1998-nji ýyl) çempiony Kazuhiko Tokuno tälim berer. Ol iki ýylyň dowamynda ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde türkmen türgenlerini dünýä çempionatyna we beýleki halkara ýaryşlara taýýarlar. Bu barada «Türkmenstan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Şu ýylyň 1-nji maýynda 49 ýaşyny dolduran Kazuhiko Tokuno sportuň dzýudo görnüşi boýunça 60 kilograma çenli agram derejede 1995-nji ýylda Nýu-Delide geçirilen Aziýa çempionatynda we 1998-nji ýylda Bagkokda geçirilen ХIII Aziýa oýunlarynda altyn, 1999-njy ýylda Birmingemde geçirilen Dünýä çempionatynda kümüş , şeýle-e 2001-nji ýylda Mýunhende geçirilen Dünýä çempionatynda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Ol karýerasyny tamamlanyndan soňra uzak ýyllaryň dowamynda Ýaponiýanyň zenanlar ýygyndy toparyna hem-de «Komasu» klubyna halypalyk etdi. 2011-nji ýylda ol Halkara dzýudo federasiýasy tarapyndan zenanlar ýygyndy toparlarynyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar edildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasy ýaponiýaly tälimçiniň öňünde Halkara dzýudo federasiýasy tarapyndan geçirilýän ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini artdyrmak hem-de 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna has köp ýollanmalary gazanmak ýaly wezipeleri goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň