Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini berýär

11:5608.05.2023
0
34705

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň maý aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH ýazýar.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine lukmançylyk maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

***

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň maý aýynda Owganystanyň halkyna bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli lukmanlaryň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup, 2016-njy ýylda ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde ynsanperwerlik çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň