Türkmenistanyň DIM-inde ministrligiň ýolbaşçy düzüminiň we işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýylda diplomatik gullugyň alyp baran işleriniň deslapky netijelerini gözden geçirdiler.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen diplomatiýasynyň öňünde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi.