Täze ýylyň ýetip gelmegi bilen, baýramçylygyň ýakynlan günlerinde adamlar örän uly başagaýlyga düşýärler. Bu bolsa baýramçylyk şatlygyny duýmagyň deregine ýadawlyga getirýär. Baýramçylyk guramaçylary, bu ugurda söwda ugrundan bilermenler hem-de psihologlar köp adamlaryň Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwürde şol bir säwlikleri goýberýändigini, munuň bolsa entek täze ýylyň bosagasyndan ätlenýän gije gelmänkä emosional taýdan ýadawlyga getirýändigini belleýärler.
Birinji säwlik: Azyk önümlerini irgözinden satyn almak
Iň köp ýol berilýän säwlikleriň biri hem baýramçylykdan birnäçe hepde öň köp mukdarda azyk önümlerini satyn almakdyr. Täze ýylyň has ýakynlan günlerinde dükanlarda döreýän köp adamly, nobatly başagaýlyga garaşmaga kanagat etmän, baýramçylyk saçagy üçin gerekli zatlary irgözinden satyn almak iýmitleriň zaýalanmagyna we biderek çykdajylara getirýär. Ter gök önümleriň, miweleriň, otlaryň we süýt önümleriniň saklanyş möhleti çäkli bolýar. Goý olar sowadyjyda dogry şertlerde saklanaýan ýagdaýynda-da, öz tagamyny we iýmitlik gymmatyny ýitirýär.
Şeýle ýagdaýda iň gowy çözgüt azyk önümleriniň sanawyny düzmek we satyn alanlaryňyzy görnüş taýdan topara bölmekdir. Mysal üçin, däneli önümler, konserwirlenen önümler, içgiler we doňdurylan önümler ýaly zaýalanmaýan önümleri öňünden satyn alyp bolýar. Ter önümleri bolsa baýramçylykdan bir ýa-da iki gün, ýa bolmasa-da 31-nji dekabr güni ir bilen, dükanlar, adatça, heniz köp adamly bolmanka satyn almak iň gowusydyr.
Ikinji säwlik: Naharlary öňünden taýýarlap goýmak
Baýramçylyk saçagynda goýuljak zatlaryň ählisini täze ýylyň iki ýa-da üç gün öňünden taýýarlap goýmak zatlary isrip etmekden başga hiç zada getirmeýär. Köp işdäaçarlar az hem bolsa zaýalanýar, maýonez tagamyny ýitirýär, gök önümler myssarýar... Mundan başga-da, baýramçylykdan birnäçe gün öňinçä aşhanada uzak wagt bu zatlaryň aladasy bilen gümra bolmak siz üçin gereginden artykmaç ýadawlyk bolar.
Bu işe akylly çemeleşme etjek zatlaryňy dogry meýilnamalaşdyrmagy talap edýär. Baýramçylykdan bir gün öň işdäaçarlar üçin gök önümleri gaýnadyp, önümleri taýýarlap we eti marinadlap bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, işdäaçarlary, kesilen önümleri we esasy tagamlary 31-nji dekabrda taýýarlamak iň ýerlikli çözgüt bolar. Bu olaryň ter bolmagy üçin peýdalydyr we iş ýüküňizi has deň paýlamaga mümkinçilik berýär.
Üçünji säwlik: artykmaç düzülen menýu
Bar gyzygy bary-ýogy bir günde jemlenýän baýramçylyk üçin 10 — 12 dürli tagam taýýarlamaga synanyşmak ýadawlyga getirýän adaty säwlikdir. Aslynda bu bol tagamlaryň köp bölegi iýilmän galýar. Onsoň olaryň şeýle bolup galmagy Täze ýyl güni aşhanada sagatlap duranyňa degmeýär ahyryn.
Baýramçylygy guramagyň häzirki zaman tendensiýalary minimalizme ýykgyn edýär. Has takygy, baýramçylyk saçagy üçin bäş-alty tagam ýeterlik: iki ýa-da üç görnüş işdäaçar, bir esasy nahar, kesilen önümler we süýjülik. Olaryň hilli bolmagy mukdaryndan has möhümdir. Onlap bişirjek tagamlaryňyz boş wagtyňy maşgalaň bilen geçirmegiň, öýi bezemegiň ýa-da baýramçylykdan öň dynç almagyň ýerini tutmaz.
Dördünji säwlik: 31-nji dekabr güni öýi bütinleý tämizlemek
Ýylyň soňky gününde tutuş öýi düýpli arassalamaga synanyşmak ýadawlyga getirjek ýene bir esasy sebäpleriň biri bolup biler. Penjireleri ýuwmak, mebelleri gaýtadan tertiplemek we şkaflary kadalaşdyrmak üçin ägirt uly güýç we wagt gerek bolýar.
Munuň gowy usuly kem-kemden taýýarlyk görmekdir. Düýpli tämizleýiş işlerini Täze ýyldan bir hepde öň geçirilmek ýerlikli bolar. Soňky güne geleniňde ýeňil arassalamak hem ýeterlik bolar: tozany süpürmek, tozan sorujy bilen arassalamak we hammamy tertiplemek... Bu gaty gitse bir ýarym sagat wagtyňy alýar we baýramçylykdan öňki etsem-petsemleriňiz üçin size energiýa berer.
Bäşinji säwlik: Sowgatlary soňky pursatda gözlemek
Sowgat satyn almagy dekabryň soňky günlerine goýmak goşmaça stres döreder. Dükanlar köp adamly, saýlamak çäkli, bahalaram köplenç gymmat we oýlanyşykly saýlaw etmek üçin wagtam az bolýar. Netijede, sowgatlar howlukmaçlyk bilen satyn alynýar, oýlanyşykly saýlanmandygy üçinem kanagatlandyrmaýar.
Psihologlar sowgat almagy meýilleşdirmäge dekabryň başynda ýa-da ondan hem ir başlamagy maslahat berýärler. Alyjylaryň we sowgat ideýalarynyň öňünden ýazylan sanawy howsala düşmegiň öňüni almaga kömek edýär. Sowgatlaryň köpüsini internet arkaly eltip bermek hyzmaty bilen sargyt edip bolýar. Munuň özi wagtyňy tygşytlaýar.
Altynjy säwlik: hemme zady ýeke özüň etjek bolmak
Söwda etmekden başlap, Täze ýyl arçasyny bezemäge çenli ähli zady özüň etmäge synanyşmak artykmaç dertdir. Köp adamlar kömek soramakdan çekinýärler ýa-da bu işleri başga birine ynanmagy halamaýarlar.
Aslynda, baýramçylyklara bilelikde taýýarlyk görmek maşgala üçin iň bir gyzykly zatlaryň biridir. Çagalar öýi bezemekde kömek edip bilerler, ýanýoldaşyňyz bolsa söwda etmekde ýa-da nahar bişirmekde ýardam berip biler. Edilmeli işleri paýlaşmak diňe bir iş ýüküňi azaltman, eýsem, umumy mähirlilik atmosferasyny hem döredýär.
Ýedinji säwlik: dynç almazlyk
Köp adamlar Täze ýyl baýramçylygyndan öňki aljyraňňy edýän döwürde dynç almaga we uklamaga bolan zerurlygy ýatdan çykarýarlar. Iş, baýramçylyk taýýarlyklary we söwda etmek... şeýdibem dynç almaga wagt galmaýar. Netijede, adamlar baýramçylyk gününe dowamly ýadawlyk bilen gelýärler.
Diňe işiňizi däl, eýsem, dynç almagyňyzy hem meýilleşdirmek hökmany zatdyr. Ýeterlik derejede uklamak, günüň dowamynda gysga arakesme bermek we käbir gereksiz işleri aradan aýyrmak size seresap we gowy keýpde bolmaga kömek eder. Az iş edip, esasy baýramçylygy şadyýanlyk bilen bellemek iň gowusydyr.
Sekizinji säwlik: ähli zady iň göwnejaý derejede etjek bolmak
Žurnaldaky surat ýaly kämil derejede bezelen baýramçylyk atmosferasyny döretjek bolmak psihologik taýdan oňaýsyzlygy döreder. Şeýle etmäge çalyşýan adamlar her bir kiçijik zat barada-da alada galýarlar: ýeterlik derejede owadan bezelmedik arça, gök önümleriň dürs dogralmazlygy, belli bir naharyň bolmazlygy...
Aslynda, baýramçylygyň kämil derejede geçirilmegi o diýen möhüm hem däldir. Täze ýylyň gymmaty onuň atmosferasynda, ýakynlaryňyz bilen geçirilýän pursatlaryň şatlygynda. Kiçijik kemçilikler gözden sypyp biler. Iň esasy zat beýle ownukçyllykdan öňinçä has mähirli, dostlukly atmosferany döretmekdir.
Dokuzynjy säwlik: meýilnamasyz taýýarlanmak
Beýle diýildigi Täze ýyl baýramynda etjek işleriňizi anyk kagyza ýazyp meýilleşdirmek diýildigi däldir. Artykmaç çykdaja galmazlyk ýa-da ýadamazlyk üçin etsem-petsemleriňi iň bolmanda kelläňde meýilleşdirmelidir. Meýilnamasyz taýýarlyk görmek möhüm işleriň soňky minutlara çenli yza süýşürilmegine we gerekmejek işlere artykmaç wagt sarp edilmegine getirýär. Bu bolsa ahyrky netijede wagt howsala salyp bilýär.
Işleri günler boýunça bölmek bilen anyk taýýarlyk meýilnamasyny düzmek howlukmaç işleriň döremeginiň öňüni almaga kömek edýär. Meýilnama garaşylmadyk ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk wagty hem öz içine almalydyr. Edilen işleri belläp boljak wizual çek-list sanawy size harajatlaryňyza umumylykda gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Onunjy säwlik: Özüňden başga hemmeleri alada etmek
Köp adamlar myhmanlary we ýakynlary barada alada etmäge şeýlebir köp wagtlaryny sarp edýärler welin, hatda öz zerurlyklaryny hem ýatdan çykarýarlar. Olar başgalaryň halaýan tagamlaryny bişirjek bolýarlar, olar üçin sowgatlary saýlaýarlar, olaryň rahatlygy barada aladalanýarlar, ýöne özleri üçin bolsa üýtgeşik bir wagt aýyrmaýarlar.
Täze ýyl hemmeler üçin, şol sanda ony guraýanlar üçin hem ýylyň baýramçylygydyr. Taýýarlygyňyza ilki bilen özüňize lezzet berýän zatlary goşuň: mysal üçin, owadan lybas satyn almak, saçyňy timarlamak ýa-da baýramçylyk menýusynda halaýan tagamyňyzy satyn almak... Özüňize üns bermek — bu egoistlik däldir. Ol baýramçylyk atmosferasyny döretmek üçin örän möhümdir.
Oýlanyşykly taýýarlyk görmek üçin amaly maslahatlar
Täze ýyly keýpihon we şähdaçyk ýagdaýda bellemek üçin hünärmenler birnäçe ýönekeý ýörelgelere eýermegi maslahat berýärler.
Taýýarlygy meýilnamalaşdyrmakdan başlamaly. Öz mümkinçilikleriňize görä hereket etmeli, edip bolmajak işiň başyna barmaly däl. Esasy, az iş et, ýöne ony gowy we kelläňi agyrtmazdan etmegi başar.
Işleri gün boýunça paýlamak başagaýlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dekabryň birinji hepdesi sowgat satyn almak we menýu meýilleşdirmek üçin amatly. Ikinji hepde çalt zaýalanmaýan iýmitleri satyn almak we öýi bezemek üçin laýyk. Üçünji hepde bolsa bütinleý arassaçylygy gazanmak üçin wajypdyr. Soňky birnäçe gün hem arkaýynçylyk bilen Täze ýyla taýýarlanmak üçin göwnejaý bolup biler.
Şu aýdylýan zatlar, umuman, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmekde gürrüňi edilýän ýörelgelere esaslanmak ýaltalygyň ýa-da başarnyksyzlygy aňlatmaýar. Taýýar işdäaçarlary, iýmitleri satyn almak hem-de naharhanalardan käbir tagamlary sargyt etmek hem wagtyňyzy we zähmetiňizi ep-esli ýeňilleşdirer. Çünki häzirki döwürde eltip bermek hyzmatlary bolan restoranlar ýokary hilli önümleri we taýýar datly tagamlary hödürleýär.
Baýramçylygy bellemegiň esasy hiline üns bermek ony hemmeler üçin has-da gyzykly edýär. Onsoňam, biziň köpimiz bu baýramçylyga ýa ýeterlik derejede ähmiýet bermeýäris, ýa bolmasa-da gereginden artyk taýýarlanyp, onuň lezzetini görüp bilmeýäris. Goý, bezegimiz az bolsun, ýöne uz bolsun. Goý, myhmanlar hem gereginden artyk bolmasyn, ýöne iň ýakynlarymyz we ýürekdeşlerimiz bolsun.
Täze ýyla taýýarlygyň psihologiki tarapy
Psihologlar Täze ýylyň öň ýanyndaky ýadawlygyň köplenç iş ýadawlygy bilen däl-de, içki duýgulardyr garaýyşlar bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Köpler özi bilip durmuşlarynyň beýleki taraplarynyň öwezini dolmaga ýa-da bu baýramçylyk arkaly başga adamlaryň garaşýan zatlaryna laýyk gelmäge synanyşýarlar.
Öz niýetleriňize düşünmek bu babatdaky aladalary azaltmaga kömek edýär. «Muny men näme üçin edýärin?» diýen sorag gerekmejek işleri aradan aýyrmaga ýardam edýär. Eger bir zat diňe «adat bolany üçin» ýa-da «başgalaryň garaşýan zady» diýlip edilýän bolsa, onda bu hereketiň zerurlygyna gaýtadan nazar aýlamak ýerlikli bolar.
Baýramçylygyň gymmatynyň saçakdaky tagamlaryň sany ýa-da sowgatlaryň bolçulygy bilen däl-de, eýsem, mähirlilik, söýgi we baýramçylyk ruhy bilen kesgitlenilýändigini hiç ýatdan çykarmaly däldir. Şuny bilmegiň özem eýýäm ýatda galyjy we hakyky baýramçylyk duýgusyny döredýär.
Jemleme
Täze ýyl — bu dynç almak, ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek hem-de geljek ýyla gujur toplamak üçin mümkinçilikdir. Şunda has çynlakaý taýýarlyk görmek we iň gowusyny etmäge çalyşmak hem baýramçylygy kynlaşdyrýar, onuň bar lezzetini alýar.
Baýramçylyga guramaçylykly taýýarlyk görmek, artykmaç zatlardan gaça durmak, bu işi paýlaşyp etmek we özüňe ideg etmek üçin paýhasly çemeleşme Täze ýyly hut bolmalysy ýaly — şatlykly, ýeňil we şähdaçyk bellemäge mümkinçilik berer. Ýadyňyzda saklamaly esasy zat: iň göwnejaý baýramçylyk diýmek hemme zadyň kaşaň bolmagy däl-de, hemmelere şatlyk getirýän baýramçylyk diýmekdir.

