
Haçanda bolsa bir gün emeli aňyň (EA) dörediljekdigi, adamyň bilimini we energiýasyny sarp edip ýerine ýetirjek işleriniň aglabasyny bu tehnologiýanyň ygtyýaryna berjekdigi mundan birnäçe ýyl ozal köpleriň oý-hyýalyna gelmezdi. Prosesleriň awtomatlaşdyrylmagynyň geljeginiň emeli aňyň döremegine ýol açjakdygy barada hem köpler pikir etmändi. Şu gün bu tehnologiýa adamlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Häzir Ýer ýüzüniň ilatynyň ýüzlerçe milliony sanly tehnologiýalaryň döredýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar we täzeliklere garaşýarlar. Müňlerçesini bu pudagyň şu günki we geljekki ösüş ugurlary gyzyklandyrýar. Käbiri bolsa täze ideýalary döretmegiň, tehnologiýalary haýsy ugra ugrukdyrmagyň has netijeli boljakdygy hakynda oýlanýar. Munuň tersine, ynsanperwer tehnologiýalary goldaýan alymlardyr bilermenler sanly tehnologiýalaryň ösüşini çäklendirmegiň zerurdygy barada aýdýarlar... Goý bu logiki ýa-da paradoksal hakykat bolup dowam etsin, esasy zat, sanly täzelikleri dogry kabul edip bilmegi, dogry ulanyp bilmegi başarmagymyz wajypdyr.
Emeli aň — adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň derwaýys ugry. Şonuň üçinem onuň ýakyn geljekde bize nähili täzelikleri getirjekdigi hemmämiz üçin gyzykly bolmagynda galýar.
Emeli aňyň ewolýusiýasy
Islendik ugurda geljekki ösüşi çaklamak üçin onuň taryhynda gazanylanlara baha bermek hökmanydyr. Biziň köpimiz emeli aň diýlende, «OpenAI» kompaniýasynyň «ChatGPT» generatiw sanly hyzmatyny göz öňümize getirýäris. Eger has kämil we birbada ýokary depginde ösüp, örän tapawutly täzeçilligi ulanyşa getiren emeli aň tehnologiýasy barada aýdylanda, bu dogrudyr. Emma EA baradaky ilkinji pikirler bolmadyk bolsa onuň ewolýusiýasy hem bolmazdy. Hiç hili «ChatGPT» hem bolmazdy.
EA baradaky iň ilkinji degerli pikiri 1947-nji ýylda kompýuter ylymlaryny öwreniji alym Alan Týuring aýdypdyr. Ol XXI asyryň ahyryna çenli jemgyýetiň görnetin derejede ösüp, hatda maşynlaryň pikirlenişi barada gürrüň ediljekdigi barada belläp geçipdir. Bu ýerde gürrüň diňe terminiň ulanylan döwri we has anyk beýan edilen pikir barada barýar. Aslynda, şeýle özgerişler baradaky hyýaly garaýyşlar birnäçe asyrlar mundan ozal beýan edilipdir. Araplaryň «Müň bir gije» ertekilerinde, fransuz ýazyjysy Žýul Werniň eserlerinde geljegiň käbir alamatlary beýanyny tapýar.
Bu gün Alan Týuringiň pikirleri durmuş hakykatyna öwrüldi. Hatda indi biziň emeli aň bilen bagly döreýän täzeçillikler barada biri-birimizi habarly edýän döwrümizem geçdi diýsek bolar. Indi her kim öz smartfonunda, planşetinde ýa-da kompýuterinde emeli aň esasly platformalardan ýygy peýdalanýar. Kimse generatiw EA adaty sowallar bilen ýüzlense, kimler onlarça adamyň kän wagtyny sarp edip ýerine ýetirjek wezipesini bu tehnologiýa bilen sanlyja minutda amal edýär.
Neýrotorlar geçen asyryň 50 — 70-nji ýyllarynda ýüze çykyp kämilleşip başlady, maşyn öwrenişi bolsa 1980 — 2010-njy ýyllar aralygynda depginli ösüşi başdan geçirdi. Çünki bilermenler öz ýazan kitaplarynda we başga ýerlerde EA-nyň geljegiň tehnologiýasy boljakdygyny nygtadylar. Olar bu tehnologiýanyň diňe maddy-tehniki we aragatnaşyk tarapyny däl-de, eýsem ahlak-etiki gyraňlaryny hem çuňňur öwrenýärler. Mysal üçin, soňky 10-15 ýylyň dowamynda umumy tehnologiýalar, şol sanda emeli aň barada ýazylan kitaplar bu ugry täzeçil garaýyşlar bilen ösdürmäge, onuň mümkinçiliklerini we zyýanly täsirlerini anyk kesgitlemäge ýol açdy. Ol hatda Ilon Mask, Sem Altman ýaly häzirki döwürde bu pudagy işjeň ösdürmäge çalyşýan «kerwenbaşylaryň» ideýalarynyň kämilleşmegine-de täsirini ýetirdi.
Biziň ýakyn «ýardamçylarymyz»: «ChatGPT», «Gemini», «Grok», «Copilot»…
Amerikan ýazyjysy, tehnologiýalary öwreniji Kewin Kelli sanly tehnologiýalaryň esasynda fiziki kanunlaryň durýandygyny we olaryň bu çygyrdan çykmajakdygyny belleýär. Ýazyjynyň bu binýatlyk pikiri emeli aňyň ösüşiniň edil göz öňüne getirilişinden kemter boljakdygyny ýaňzydýar. Emma «DeepMind» hyzmatyny esaslandyranlaryň biri, EA-ny öwreniji bilermen Mustafa Suleýman bolsa emeli aňyň dürli maksat bilen ulanylyp bilinjekdigini aýdýar: «Pyçagy sogany dogramak üçinem, sowuk ýarag hökmünde-de peýdalanyp bolýar. EA derman hem, awy hem döredip bilýär...».
Dünýäde dowam edýän sanly öwrülişikleriň iň täsirli güýji hökmünde emeli aň häzirki döwürde diňe bir ylmy barlaglaryň däl, eýsem, jemgyýetiň, ykdysadyýetiň we döwlet dolandyryşynyň hem esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Birnäçe onýyllygyň dowamynda nazaryýet derejesinde dowam edip gelen bu tehnologiýa häzirki wagtda milliardlarça adamyň gündelik durmuşyna täsir edýän hakyky güýje öwrüldi. Emeli aňyň ornaşdyrylmagy diňe kompýuter programmalary bilen çäklenmeýär. Ol häzirki wagtda saglygy goraýyşdan başlap, ulag-logistika, bilim, energetika, bank ulgamy, jemgyýetçilik hyzmatlary we sungat ýaly ugurlarda giňden peýdalanylýar. Emma bu ösüş bilen birlikde onuň ahlak, iş üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy ýaly meseleleri hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Soňky 10 ýylyň dowamynda emeli aň tehnologiýasy ýiti depginde ösdi. Öň adam tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň aglaba köpüsi indi «akylly» algoritmler tarapyndan amala aşyrylýar. EA-nyň häzirki zaman ösüşine täsir edýän esasy ugurlar diýip şulary görkezmek bolar:
Uly maglumatlaryň (Big Data) giňden ulanylmagy;
Has güýçli hasaplaýyş serişdeleriniň peýdalanylmagy;
Öz-özüni öwrenýän algoritmleriň ösüşi;
Uly kompaniýalaryň bu ugra goýýan maýa goýumlarynyň artmagy.
Emeli aň häzirki wagtda ulanyjylar üçin açyk we örän täsirli bolan platformalar arkaly yzygiderli durmuşa ornaşýar. Dünýäde giňden ulanylýan esasy platformalar şulardyr:
«OpenAI» (ChatGPT, GPT-4/5) – tekst bilen işlemekde öňdebaryjy model;
«Google DeepMind» – ylym we lukmançylykda ösüşleri gazanýar;
«Anthropic» (Claude AI) – howpsuz we jogapkär AI döredýär;
«Microsoft Copilot» – iş üçin EA kömekçisi;
«Midjourney» we «DALL·E» – surat döredijilikde täze eýýam açýar.
EA-nyň ösüşiniň iň kän gürrüň döredýän meselesi — onuň iş bazaryna edýän täsiridir. Eýýäm häzirden başlap käbir hünärler awtomatlaşdyrylýar, emma muňa garamazdan, täze kärlerem peýda bolýar: EA inženerleri, maglumat seljerýän hünärmenler, kiberhowpsuzlyk hünärmenleri, EA-nyň etikasyny öwrenýän bilermenler we emeli aň tehnologiýalaryny işläp düzüji programmistler... 2030-njy ýyla çenli dünýäde 300 milliona golaý iş orny awtomatlaşdyrylyp bilner.
Emeli aňyň geljegi. «Ol adam duýgularyna düşünip biler»
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2035-nji ýyla çenli EA dünýä ykdysadyýetine 15 trillion dollardan gowrak goşant goşar. Geljekde emeli aň diňe maglumat bilen däl, eýsem ahlakly we döredijilikli pikirlenýän ulgama öwrüler. Käbir ylmy merkezleriň pikiriçe, XXI asyryň ortasynda «superakylly» emeli aň peýda bolup biler.
«OpenAI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman Massaçusets tehnologiýa institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň prezidenti Salli Kornblut bilen geçiren söhbetdeşliginde generatiw emeli aňyň ýakyn geljekki ösüşi barada berlen sowallara gyzyklandyryjy jogaplary berdi. «Adamlar öwrenmäge meýilli, olary hakyky zerur zatlar gyzyklandyrýar. «ChatGPT 4» ulanyşa goýberilen mahaly 2 hepdeläp her kim ondan uly höwes bilen peýdalandy. Ýarym aý geçensoň welin, onuň täze nesline garaşyp ugradylar. Biziň bu işde üstünligimiz emeli aňy ynsanyýetiň gadymdan gelýän gymmatlyklaryna esaslanyp gurnamagymyz boldy. Biz adamlara bu ulgamy ulanmakda çäklendirmeleriň goýulmagyny ýalňyş hasaplaýarys. Biziň esasy maksadymyz — adamzada peýdaly mümkinçilikleri açmak» diýip Sem Altman pikirini beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, Altman geljekde emeli aňyň iş orunlarynyň aglabasyny eýelejekdigine üns çekýär. Ol adamlaryň işsiz galmajakdygy barada aýdylýan pikirleri inkär edýär.
Öz platformasynyň geljekki mümkinçilikleri barada bolsa Altman «ChatGPT-niň» geljekde has-da kämil bolmagy üçin oňa köp sanly maglumatlary ýüklemegiň zerurdygyny aýdýar. Maglumatlary ýeterlik bolsa, generatiw emeli aň täze pikirleri döretmäge we islendik zat barada pikir ýöretmäge, oňa dogry düşünmäge mümkinçilik alýar.
Häzirki wagtda EA-nyň iň wajyp meseleleri onuň ahlak-etiki gymmatlyklar bilen arabaglanyşygy bilen baglydyr. Çünki jemgyýetleriň medeni häsiýetleriniň köpdürlüligi bu meseläniň has-da kynlaşmagyna täsir edýär. Onsoňam, emeli aňdan peýdalanmagyň medeniýetiniň kesgitli ýörelgeleri bolmalydyr. Sanly tehnologiýalardan peýdalanmak döwlet düzümleriniň işi bilenem bagly bolansoň, olaryň bu meselä garaýyşlary ösüşe dürlüçe täsir edip biler. Ine, bu tehnologiýanyň hut şu ugry bilen baglylykda hem şeýle sowal ýüze çykýar: Emeli aňyň geljegi nähili bolar?
Bilermenler emeli aň tehnologiýalarynyň geljekde adamlar üçin şu mümkinçilikleri açjakdygyny aýdýarlar:
Işleri awtomatlaşdyrar. Emeli aň ýönekeý we köp gaýtalanýan, adamlaryň köp wagtyny sarp edýän işleriniň agramly bölegini öz üstüne alar. Bu bolsa adamlara täze zatlar barada pikirlenmäge mümkinçilik berer.
EA bilen hyzmatdaşlyk. Emeli aň agentleri adamlar bilen edil kärdeşleri ýaly bolarlar. Olar tabşyryk boýunça maglumatlary tiz tapyp bermäge, seljermäge, hatda iň gowy çözgütleri kabul etmäge ukyply bolup, adamlara halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň öz iş aýratynlygyna laýyklykda kömek eder.
Şahsylaşdyrylan bilim. Emeli aň her bir adamyň öz zatlary öwreniş aýratynlygyny, bilim almak islegini, tizligini we oňa näderejede zerurlygyny nazara alyp, hünärleri we bilimleri çalt özleşdirmek üçin ýokary derejede şahsylaşdyrylan okuw meýilnamalaryny we materiallaryny döredip berer.
Has takyk diagnoz. Emeli aň ýokary tizlikde rentgen suratlaryny we beýleki barlaglary seljerip, keselleri öňünden anyklamaga ýardam eder.
Derman öndüriji we lukman hökmünde. EA täze derman serişdelerini we bejeriş usullaryny döretmäge ukyply bolar.
Profilaktika. Gartaşýan adamlaryň we beýlekileriň keselleriniň öňüni almak maksady bilen, şahsylaşdyrylan bejeriş meýilnamalaryny we iýmitlenmek maksatnamalaryny düzmek üçin adamlaryň genetiki maglumatlaryny hem-de ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini seljerer. Bu babatda iň netijeli çözgütleri hödürlär.
Sanly döredijilik. EA täze sungat eserlerini, aýdym-sazlary, çeper eserleri, kompýuter programmalaryny we oýunlaryny döretmegiň ssenarilerini kämil derejede döretmäge ukyply bolar.
Çylşyrymly, müşgillikli sowallara jogap. Alymlar EA-dan peýdalanyp, öz çözüp bilmeýän käbir meselelerine dogry jogap taparlar.
Özara gatnaşyk. Terjimede mümkinçilikleri has artdyrar. Ol dilleriň arasyndaky düşünişmezlik döredýän bökdençlikleri aradan aýyrar.
Peýdalanylan çeşmeler: rbk.ru; mit.edu; openai.com