
Söwdany dünýä derejesinde özgerden hadysa
Her ýylyň 11-nji noýabrynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan millionlarça adam internet arkaly söwdanyň taryhyndaky iň uly arzan satuwlaryň birine taýýarlyk görýärler. Başgaça «Ýalňyzlaryň güni» ýa-da «Double 11 güni» diýlip hem atlandyrylýan 11.11 — Bütindünýä söwda güni aslynda talyplaryň döreden kiçijik baýramçylygyndan global söwda hadysasyna öwrüldi. Ol satuwlarynyň möçberi boýunça Amerikanyň Gara anna güni we Kiber duşenbe atlandyrylýan köpçülikleýin söwdalarynyň ikisiniň bilelikdäki netijesinden hem öňe geçdi.
2021-nji ýylda Hytaýyň «Alibaba» kompaniýasy bir günde 84,5 milliard dollar möçberinde haryt satdy. Şol döwürde öňden gelýän Amerikan Gara anna güni satuwlary bolsa ABŞ-nyň söwda edaralary üçin takmynan 9 milliard dollar töweregi girdeji getirdi. Bu sanlar bary-ýogy 15 ýylyň içinde uly bolmadyk hytaý baýramçylygyndan elektron söwdada global derejeli uly waka öwrülen hadysanyň möçberini aýdyň görkezýär.
Ählisiniň başlangyjy: Dört sany birlik nädip ýalňyzlygyň simwolyna öwrüldikä?
Gürrüňi edilýän talyp baýramçylygynyň umumy ýaşaýyş jaýynda döremegi
Bütindünýä söwda gününiň taryhy geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Nankin uniwersitetiniň diwarlarynda başlady. Iň giňden ýaýran maglumata görä, 1993-nji ýylda Mingçaowuzhu umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan dört sany talyp özleriniň ýekelikleriniň birmeňzeşligi barada pikir alşypdyrlar we edil özleri ýaly durmuş gurmadyk ýaşlar üçin özboluşly baýramçylygy döretmek kararyna gelipdirler.
Munuň üçin 11-nji noýabryň saýlanyp alynmagy-da ýöne ýerden däl. Hytaý medeniýetinde sanlaryň simwolizmi we olaryň wizual beýany diýen düşünjeler aýratyn ähmiýete eýe hasaplanýar. «1» sany internet slenginde boý oglany ýa-da ýeke-ýalňyz adamy aňladýan «adaty taýaga» (hytaý dilinde "光棍", guānggùn) meňzedilýär. 11.11 senesi bolsa dört sany birlikden ybarat bolup, dört sany öýlenmedik dostuň we şol bir wagtyň özünde ýalňyzlygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar.
Uniwersitetden — millet derejesine
Bu baýramçylyk, ilki bilen, Nankiniň beýleki uniwersitetlerine, soňra bolsa Hytaýyň ähli ýerlerine giňden ýaýrady. 90-njy ýyllaryň ahyrynda ol öýlenmedik oglanlaryň we durmuşa çykmadyk gyzlaryň güni hökmünde hytaýly ýaşlaryň arasynda resmi taýdan däl hem bolsa, köpçülikleýin ykrar edilen waka öwrüldi. Şol günde talyplar we ýaş hünärmenler ýygnanyşyp, oturylyşyklary geçirip, restoranlara we barlara baryp, garaşsyzlyklaryny, özleriniň maşgala borçlaryndan azatdyklaryny baýram edýär ekenler.
Ilkibaşda bu baýramçylyk 14-nji fewralda bellenilýän Walentin gününe garşylyklaýyn manyly baýram ýaly kabul edildi. Bu heniz durmuş gurmadyk ýaşlaryň öz ýagdaýyna ähmiýet berip, maşgala gurmak üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini duýmaýan wagty ýaly düşünilýärdi. Gaýtam tersine wagtyň geçmegi bilen, 11-nji noýabr Hytaýda durmuş toýuny tutmak üçin iň meşhur seneleriň birine öwrüldi — 2011-nji ýylda diňe Pekinde şu günde 4000-den gowrak jübüt toý etdi. Bu bolsa ortaça hasap bilen gündelik edilýän 700 toýdan birnäçe esse köpdür.
Söwda rewolýusiýasy: «Alibaba» dünýäniň iň uly söwda gününi nädip döretdi?!
Jek Ma we täze eýýamyň başlanmagy
Bu günüň hakyky özgerişi 2009-njy ýylda, Hytaýyň işewürlik ägirdi «Alibaba Group» bu baýramçylygy onlaýn satuwy artdyrmak üçin ulanmak kararyna gelende boldy. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Jek Ma we «Tmall»-yň baş direktory Daniel Çžan oktýabr aýynyň «Altyn hepdelik» baýramçylyklary bilen Hytaý Täze ýylynyň aralygyndaky “ümsüm” arakesme döwründe satuwy ýokarlandyrmagyň ýoluny gözleýärdiler.
2009-njy ýylyň 11-nji noýabrynda «Alibaba» 27 sany iri satyjy bilen bilelikde «Taobao» we «Tmall» platformalarynda ilkinji giň möçberli onlaýn satuwy ýola goýdy. Bu işdäki ideýa ýönekeýdi: heniz durmuş gurmadyk adamlar özlerini sowgatlar bilen begendirmelidi. Sebäbi olaryň aglabasy özlerini «durmuşyndaky iň möhüm adam» hasap edýär ahyryn. Satuwyň ilkinji gününde söwda 50 million ýuandan (şol wagtky walýuta bahasy boýunça takmynan 7 million dollar) geçdi — bu netijä hatda optimistik guramaçylar hem haýran galdy.
Täsin ösüş: muny sanlar gürrüňsiz tassyklaýar
Ilkinji satuwyň möçberi hatda garaşylyşyndan-da köp boldy. Sanlar her ýylda görnetin ýokarlanyp başlady:
2010-njy ýyl: 936 million ýuan (takmynan, 140 million dollar)
2012-nji ýyl: 19,1 milliard ýuan (3,1 milliard dollar) — ilkinji gezek Kiber duşenbeden öňe geçdi
2013-nji ýyl: 35 milliard ýuan (5,75 milliard dollar), ilkinji milliard 55 sekuntda gazanyldy
2015-nji ýyl: 91,2 milliard ýuan (14,3 milliard dollar)
2016-njy ýyl: 120,7 milliard ýuan (17,5 milliard dollar) — Gara anna güni we Kiber duşenbe günleriniň umumy satuwyndan öňe geçdi
2017-nji ýyl: 168 milliard ýuandan gowrak (25,3 milliard dollar)
2018-nji ýyl: 213,5 milliard ýuan (30,8 milliard dollar). Ilkinji milliard 85 sekuntda gazanyldy
2019-njy ýyl: 268 milliard ýuan (38,4 milliard dollar)
2020-nji ýyl: 498 milliard ýuan (74,1 milliard dollar), 4 milliard sany ýollama ugradyldy
2021-nji ýyl: 540,3 milliard ýuan (84,5 milliard dollar)
Bu sanlar 11.11-i dünýäde iň uly onlaýn söwda çäresine öwürýär. Deňeşdirmek üçin, 2020-nji ýylda ABŞ-nyň tutuş bazary Gara anna güni we Kiber duşenbe günlerinde jemi 20 milliard dollara golaý girdeji gazandy. Bu «Alibaba»-nyň diňe 24 sagadyň dowamynda gazanan girdejisinden dört esse az diýmekdir.
Tehnologik üstünlikler we rekord netijeler
Satuwyň möçberiniň şeýle ýokary derejede artmagy deňi-taýy bolmadyk tehnologik infrastrukturanyň döredilmegini talap etdi. 2017-nji ýylda «Alipay» töleg ulgamy sekuntda 256 000 geleşigi gaýtadan işläp, dünýä rekordyny goýdy. 11-nji noýabrda ulgam 1,48 milliard geleşigi amala aşyrdy.
2020-nji ýylda «Cainiao Smart Logistics» logistika hyzmaty satuwdan soň birnäçe günüň içinde 4 milliard ýollama ugratdy. Deňeşdirmek üçin bellesek, bu ABŞ-nyň Poçta gullugy tarapyndan bir aýda ugradylan ýollamalaryň umumy möçberine deňdir.
Formatyň ewolýusiýasy: 24 sagatdan global derejeli festiwala çenli
Wagt çäginiň giňeldilmegi
Ilkibaşda satuw 11-nji noýabra geçilýän ýarygijeden — ertesi günüň ýarygijesine çenli 24 sagat dowam etdi. Şeýle-de bolsa, çäräniň meşhurlygy artdygyça, format üýtgedilip başlady. 2015-nji ýylda «Alibaba» öňünden satuw tertibini ornaşdyryp başlady, bu bolsa alyjylara resmi açylyşdan birnäçe gün öň harytlary bronlamaga we goýum tölemäge mümkinçilik berdi.
2021-nji ýyla çenli 11.11 noýabr aýynyň iki hepdesine golaý wagty öz içine alýan iki satuw tolkunly köp günlük çärä öwrüldi. Bu üýtgeşme logistika ulgamlaryna düşýän ýüki azaltmak we alyjylara söwda etmekde çözgüt kabul etmek üçin has köp wagt bermek maksady bilen amala aşyryldy.
Tehnologik innowasiýalar we satuwyň täze formatlary
«Alibaba» ulanyjy tejribesini gowulandyrmak üçin täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrýardy:
Göni ýaýlym (Livestreaming): 2016-njy ýyldan bäri meşhur adamlaryň we inflýuenserleriň gatnaşmagyndaky geçirilýän göni ýaýlymlar satuwyň esasy ugruna öwrüldi. 2021-nji ýylda «Taobao Live»-daky göni ýaýlymlara 300 milliondan gowrak adam tomaşa etdi. «Pomada patyşasy» lakamy bilen tanalýan meşhur hytaý blogeri Li Szýasi 2023-nji ýylda göni ýaýlymlary arkaly möçberi 3,4 milliard dollardan gowrak satuwy ýola goýdy.
Üsti ýetirilen we wirtual hakykat (AR/VR): «Alibaba» AR we VR tehnologiýalaryny ornaşdyrdy. Bu bolsa alyjylara wirtual ýagdaýda eşikleri geýip görmäge, öýlerine mebelleri ýerleşdirmäge we önümleri 3D görnüşinde görmäge mümkinçilik berýär.
Emeli aň: Emeli aň tehnologiýalary teklipleri şahsylaşdyrmak, islegi çaklamak we logistikany optimizirlemek üçin ulanylýar. 2023-nji ýyla çenli emeli aň alyp baryjylary JD.com platformasynda 4000-den gowrak göni ýaýlymda çykyş etdiler. 24/7 işlemegiň netijesinde ortaça dolanyşygy 30% artdyrdylar.
Geýmifikasiýa: «Alibaba»-nyň programmalary oýun elementlerini öz içine alýar. Ol ulanyjylara tabşyryklary ýerine ýetirip, wirtual walýutalary ýygnamaga we goşmaça arzanladyşlary almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa söwdany gyzykly edýär.
Global dereje: Nädip 11.11 bütin dünýäni eýeledi?
Hytaýyň çäginden daşarda
11.11-iň Hytaýdaky üstünligi global işewürlik jemgyýetini hem biparh goýmady. 2010-njy ýyllaryň ortalaryna çenli 11-nji noýabrda uly möçberli satuwlar ideýasy Hytaýdan daşyna ýaýrap başlady.
Günorta-gündogar Aziýa: «Lazada» platformasy («Alibaba»-nyň eýeçiliginde) 11.11-i Taýlandda, Malaýziýada, Singapurda, Indoneziýada, Filippinlerde we Wýetnamda işjeň ösdürýär. 2017-nji ýylda bu platformalarda bir günde 6,5 million haryt satyldy. Indoneziýada 11-nji noýabr resmi taýdan «Harbolnas» (Hari Belanja Online Nasional) — Onlaýn söwdanyň milli güni diýlip atlandyrylýar.
Ýewropa: Ýewropalylar ilkibaşda bu ideýa şübheli garasalar-da, köp sanly söwda dükanlary onuň mümkinçiliklerini dessine ykrar etdiler. Germaniýanyň «MediaMarkt» ulgamy we Şwesiýanyň «Elgiganten» elektron riteýl dükany öz söwdalarynda 11.11 çärelerini girizip başladylar. Skandinawiýa ýurtlary bu tendensiýany kabul etmekde, ony ähli Demirgazyk Ýewropanyň bazarlaryna ýaýratmakda aýratyn işjeň boldular.
Beýik Britaniýa: Britaniýaly söwda dükanlary Ýewropada 11.11-e ilkinjileriň hatarynda gatnaşdylar. 2021-nji ýylyň maglumatlaryna görä, şol günde Beýik Britaniýada satuw 1,5 milliard funt sterlinge ýetdi.
Russiýa we GDA: Russiýanyň marketpleýsleri 11.11 konsepsiýasyny işjeň kabul etdiler. «Ozon», «Wildberries» we beýleki marketpleýsler meşhurlygy boýunça däp bolan Gara anna güni bilen bäsleşýän uly möçberli satuwlary geçirýärler. 2022-nji ýylda rus alyjylary 11.11-de Gara anna gününe garanyňda 20% köp pul harçladylar. Gyzykly ýeri, rus sarp edijileriniň 64%-i iki satuwyň arasynda tapawut goýmaýarlar, olary ýeke-täk waka hökmünde kabul edýärler.
«AliExpress»: Hytaý bilen dünýäniň arasyndaky köpri
«AliExpress» halkara platformasy 11.11-iň globallaşmagynda möhüm hyzmata eýe boldy. Hytaý harytlaryny bütin dünýäde alyjylara elýeterli etdi. Aziýadan daşardaky millionlarça adam bu satuwa gatnaşmaga mümkinçilik aldy. 2017-nji ýylda «AliExpress» 25 milliard dollardan gowrak haryt satdy. Bu bolsa ABŞ-da Gara anna güni we Kiber duşenbe günleriniň umumy satuwyndan has köpdür.
11.11 we Gara anna güni: köpçülikleýin satuwdaky göreş
Gelip çykyşy we filosofiýasy
Gara anna güni satuwlary amerikan köklerine eýe bolup, däp boýunça Sahawat gününden soň gelýän anna güni (noýabr aýynyň dördünji penşenbesi) geçirilýär. Bu Roždestwo söwda möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýar. Bu at geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Filadelfiýada döräpdir. Ýerli polisiýa ony baýramçylykdan soňky bulam-bujarlygyň güni diýip, köçeleri alyjylaryň we syýahatçylaryň köpçüliginiň doldurýandygyny suratlandyrmak üçin aýdypdyr. Soňra bu termin oňyn mana eýe bolup galypdyr: bu gün alyp-satar söwdagärler «gyzyl zolakdan» çykyp, «gara zolaga» geçýärler, ýagny olar girdeji gazanmaga başlaýarlar.
11.11 durmuş gurmadyk adamlar üçin talyplaryň döreden baýramçylygy hökmünde başlanyp, öz-özüňi sylaglamak gününe, adamlaryň giňden söwda bilen meşgullanýan döwrüne öwrüldi. Munuň filosofiýasy ýönekeý: eger size sowgat berjek ýoldaşyňyz ýok bolsa, özüňize sowgat beriň.
Gerimleriň deňeşdirmesi
Bu barada sanlar gürrüň berýär. 2020-nji ýylda:
11.11 (diňe «Alibaba»): 24 sagadyň dowamynda 74,1 milliard dollar
Gara anna güni (ABŞ-nyň tutuş bazary): onlaýn söwdada takmynan 9 milliard dollar
Kiber duşenbe: takmynan 10,8 milliard dollar
ABŞ-nyň söwdasyna degişli sanlar diňe bir belli-belli günlerdäki onlaýn söwdany öz içine alyp, ähli bölek söwdany öz içine almasa-da, tapawut täsirli duýulýar. 11.11 global elektron söwdada jedelsiz liderlige eýe boldy.
Özboluşly aýratynlyklary we tapawutlary
Wagt çägi: Gara anna güni noýabr aýynyň soňky anna güni (23-inden — 29-na çenli) geçirilýär; senesi üýtgäp bilýär. 11.11 hemişe kesgitlenen senede — 11-nji noýabrda geçirilýär.
Formaty: Gara anna güni internet we oflaýn satuwlary fiziki dükanlara ünsi jemlemek bilen birleşdirýär. 11.11 başda internet çäresi boldy, emma soňky ýyllarda ol «New Retail» konsepsiýasy arkaly oflaýn komponentleri hem öz içine aldy.
Geografiki gerimi: Gara anna güni global, ýöne Demirgazyk Amerikada we Ýewropada has giňden ýaýrandyr. 11.11 bolsa, esasan, Aziýada giň ähmiýete eýedir, ýöne beýleki bazarlara-da işjeň girişýär.
Alyjylaryň psihologiýasy: Geçirilen barlaglar 11.11-de alyjylaryň ortaça has az hasap bilen has köp impulsiw söwda edýändiklerini görkezýär (Russiýada bu ugurdaky söwdalar 2024-nji ýylda ortaça hasap bilen 1344 rubl boldy, 18% azaldy), Gara anna güni bolsa ortaça hasap bilen has ýokary bolup (1754 rubl, 15% ösüş), ýöne satyn alyşlar has maksada gönükdirilendir.
Ykdysadyýete we jemgyýete täsiri
Ykdysady täsiri
11.11 Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşiniň we sarp edijileriň kanagatlanmasynyň esasy görkezijisine öwrüldi. Dünýäniň dürli künjeginden bolan analitikler köpçülikleýin satuwyň netijelerine ýakyndan gözegçilik edýärler we olary hytaý sarp edijileriniň satyn alyş ukybyny hem-de sebitiň bölek söwda pudagynyň umumy ýagdaýyny bahalandyrmak üçin ulanýarlar.
Brendler üçin: 11.11-e gatnaşmak Hytaý bazaryna girmek isleýän iri brendler üçin hökmany boldy. 2024-nji ýylda satuwa 90 ýurtdan 300 müňden gowrak brend gatnaşdy. «Apple», «Nike», «Haier» we «Xiaomi» ýaly öňdebaryjy brendler bir günde yzygiderli milliardlarça satuwy amala aşyrýarlar.
Kiçi telekeçilik üçin: 11.11 kiçi gerimli satyjylara köpçülikleýin sarp edijileri gazanmak üçin özboluşly mümkinçilik döredýär. 2024-nji ýylda «Taobao» täze ulanyjylaryň sanynyň soňky dört ýylyň içinde iň ýokary ösüşini hasaba aldy.
Logistika we iş bilen üpjünçilik: Satyş millionlarça çaparlar, gaplaýjylar we ammar işçileri üçin möwsümleýin iş orunlaryny döredýär. 2023-nji ýylda 1-nji noýabrdan — 11-nji noýabra çenli Hytaýyň poçta gullugy 5,26 milliard ýollama ugratdy. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23% köpdür.
Sosial-medeni fenomen
11.11-iň sosial-medeni fenomeni Aziýada we ondan hem daşarda sarp edijiler medeniýetini özgertdi. Bu çäre dünýä derejesindäki meşhurlaryň gatnaşmagynda uly şowa öwrüldi. «Alibaba» her ýylda ýyldyzlaryň gatnaşmagynda uly göwrümli gala-konsertleri guraýar. Emma bu däp pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli 2022-nji ýylda wagtlaýyn togtadyldy.
Günbatarly meşhur adamlar 11.11-i işjeň mahabatlandyrýarlar: Benedikt Kamberbetç, Keti Perri, Kim Kardaşýan, Miranda Kerr we Teýlor Swift dagy bu ugurdaky göni ýaýlymlara we mahabat çärelerine gatnaşdylar.
Daşky gurşaw meseleleri
11.11-iň gerimi daşky gurşaw bilen baglanyşykly çynlakaý müşgillikleri hem döredýär. Milliardlarça gaplama, ýük daşamagyň uglerod täsirleri we harytlaryň aşa köp öndürilmegi daşky gurşaw bilen baglanyşykly müşgillikleriň ýüze çykmagyna getirýär.
«Alibaba» bu meseleleri çözmek üçin dürli çäreler görýär. 2021-nji ýylda kompaniýa maglumat merkezleri üçin arassa energiýa sarp edilişini geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artdyrdy. Ol ekologiýa taýdan arassa gaplama materiallaryny satuw işlerine ornaşdyrýar we zyýanly gazlary azaltmak üçin eltip bermegiň gatnaw ugurlaryny optimizirleýär.
Geçiş döwründäki ewolýusiýa: 2020 — 2025
Pandemiýa we onuň ýetiren täsirleri
COVID-19 pandemiýasy garaşylmadyk ýagdaýda 11.11-iň ähmiýetini görnetin artdyrdy. Sebäbi sarp edijiler köpçülikleýin internet arkaly söwda etmäge geçdiler. 2020-nji ýylda satuw rekord derejä — 74,1 milliard dollara ýetdi. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllar täze kynçylyklary getirdi.
Düzgünleşdiriji basyş
2020-nji ýylda «Alibabanyň» esaslandyryjysy Jek Ma bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň arasynda bolan konflikt kompaniýa üçin agyr netijelere getirdi. Şol ýylyň oktýabr aýynda Ma Hytaý banklaryny we maliýe düzgünleşdirijilerini açyk tankytlady. Ol halkara maliýe düzgünlerini «köne» diýip atlandyrdy we Hytaý banklaryny «lombard mentalitetinde» aýyplady.
Hökümetiň jogaby çynlakaý boldy. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda taryhda iň uly — 34,4 milliard dollar toplamagy garaşylýan «Ant Group» finteh kompaniýasynyň («Alibaba»-nyň golçur kärhanasy) meýilleşdirilen IPO-sy garaşylmadyk ýagdaýda ýatyryldy. 2021-nji ýylyň aprelinde bolsa «Alibaba» kompaniýasyna bäsdeşlige garşy hereketleri üçin 2,8 milliard dollar möçberinde jerime salyndy.
Bu wakalardan soň, Jek Ma birnäçe aýlap köpçüligiň gözünden ýitdi we bu onuň nirededigi barada giň gerimli çaklamalara sebäp boldy. Dürli habarlara görä, Many maşgalasy bilen ýaşaýan ýeri bolan Tokioda görüpdirler. 2023-nji ýylda ol Hytaýa gaýdyp geldi we Tokio uniwersitetiniň kollejinde myhman professor wezipesini kabul etdi.
Gürrüňi edilýän wakalar 11.11-e bolan gatnaşygyň üýtgemegine getirdi. Öň rekord derejede satuwa we aşa köp sarp edilişe üns berlen bolsa, kompaniýalar indi sarp edijiligiň gymmatyna we sosial jogapkärçiligine ünsi jemleýärler.
Sanlar barada dymmak: Açyklygyň täze döwri
2022-nji ýylda «Alibaba» taryhynda ilkinji gezek 11.11 üçin anyk satuw görkezijilerini açmady we netijeleriň «makroykdysady kynçylyklara we COVID-19-yň täsirine garamazdan, geçen ýylky görkezijiler bilen deň» bolandygyny habar berdi. Bu karar rekordlaryň yzyndan kowalaşmak döwrüniň soňunyň gelendigini äşgär etdi we satuwa has kämil çemeleşmäniň alamaty diýlip düşünildi.
«Alibaba»-nyň esasy bäsdeşi bolan JD.com hem görkezijileri barada anyk-aýdyň hasabaty mälim etmedi, ýöne täze rekordlary goýandygyny welin ýaňzytdy. Analitikler satuw möçberleriniň 2021-nji ýylda 84,5 milliard dollar derejesinde galandygyny ýa-da minimal derejeden ösüşi görkezendigini aýdýarlar.
Aç-açanlygyň dymyşlygy bolan bu meýil iri hususy tehnologiýa kompaniýalarynyň täsirini gözegçilikde saklamaga we ykdysadyýeti giper sarp edişden durnukly ösüşe gönükdirmäge çalyşýan Hytaý hökümetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üýtgemegini görkezýär.
2023 — 2025-nji ýyllaryň täze trendleri
Platformanyň bölünmegi: «Alibaba» birwagtlar bitewilikde dolandyrylan bolsa, indi bäsdeşlik güýçlendi. «Douyin» (TikTok platformasynyň hytaý görnüşi) ýaly platformalar bazaryň paýyny çalt artdyrýarlar. Geçirilen pikir soraşmalara görä, hytaýly sarp edijileriň 55%-i 2023-nji ýylda «Douyin»-den söwda etmegi meýilleşdiripdirler. Deňeşdirme hökmünde belläp geçsek, 2022-nji ýylda bu görkeziji 38%, 2021-nji ýylda bolsa 26% bolupdy.
Livestream commerce: Göni ýaýlym satuwyň esasy formatyna öwrüldi. 2023-nji ýylda 11.11-iň ilkinji 10 minudynda, esasan hem, emeli aň alyp baryjylarynyň kömegi bilen, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dört esse köp ýaýlym açyldy.
Sosial söwda: «WeChat» bilen «Taobao» platformasynyň arasyndaky integrasiýa 2024-nji ýylda bir aýyň içinde 20,9 million täze ulanyjyny özüne çekdi.
Sarp edijileriň şübheleriniň artmagy: Pikir soraşmalar söwda etmäge höwesiň peselýändigini görkezýär. 2021-nji ýylda alyjylaryň 76%-i 11.11-iň işinden lezzet alýan bolsa, 2023-nji ýylda sarp edijileriň diňe 53%-i şeýle pikirdedi. Munuň sebäbi ykdysady taýdan, ýagny san babatda nämälimlik, yzygiderli satuwlardan ýadawlyk we arzanladyşlaryň hakykylygyna şübhelenmek bilen aýrylmaz baglydyr.
Bütindünýä söwda güni (11.11) durmuş gurmadyk adamlar üçin kiçijik talyp baýramçylygyndan başlap global derejedäki bölekleýin söwda giňişligini hemişelik üýtgeden dünýäniň iň uly elektron söwda çäresine çenli täsin ösüş ýoluny başdan geçirdi. Soňky on ýarym ýylyň dowamynda bu hadysa diňe bir aziýaly sarp edijileriň ajaýyp satyn alyş güýjüni görkezmek bilen çäklenmän, eýsem tutuş pudak üçin täze standartlary, göni ýaýlymdaky satuw we emeli aň ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan başlap, deňi-taýy bolmadyk logistika infrastrukturasyny döretmäge çenli söwdanyň ösüşini kesgitledi. Soňky ýyllarda kadalaşdyryjy «böwetlere» we sarp edijileriň şübheleriniň artmagyna garamazdan, 11.11 sanly ykdysadyýetiň ýagdaýynyň möhüm görkezijisi bolmagynda galýar we ösmegini dowam etdirýär. Ol esasy ünsüni rekordlary yzarlamakdan durnukly ösüşe we alyjylara hakyky gymmaty ýetirmeklige gönükdirýär.
Bu global söwda baýramçylygynyň geljegi, megerem, onuň üýtgäp duran sarp edijileriň isleglerine uýgunlaşmak we täjirçilik maksatlaryny sosial jogapkärçilik bilen deňagramlaşdyrmak ukyby bilen kesgitlener.