Turkmenportal logo
09.09.25
2126121261
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiŷede gijeki syýahat: ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Bilermenler tarapyndan geçirilen seljermelere görä, gün ýaşyp garaňky gatlyşandaky gezelençler dünŷäde uly meşhurlyk gazanŷar. «Noctourism» diŷlip atlandyrylŷan şeŷle gezelençler üçin Türkiŷe  diŷseň amatly ŷurtlaryň biri hasaplanŷar. Onuň baŷ medeni mirasy, ŷüregiňe aram berýän hoştap we oktŷabr aŷyna çenli dowam edŷän güneşli howasy jahankeşdelere gyzykly pursatlar hödürleŷär.


Gijeki muzeýler taslamasy syýahatçylara günüň adaty bolmadyk wagtlarynda Türkiýäniň  taryhy-medeni gymmatlyklaryny görmäge mümkinçilik berŷär. 2024-nji ýylda Izmiriň Efes we Deňizliniň Hierapolis şäherlerine gün ŷaşandan soň 395 müňden gowrak syýahatçy geldi.  Bu taryhy ŷadygärlikleriň yşyklandyrylmagy  gezelençleri hakyky teatr sahnasyna öwürýär.


Stambul-uklamaýan şäher


Ŷurduň ıň gelim-gidimli şäheri bolan Stambul gijelerine başga keşbe eýe bolýar.  Arheologiki muzeýler, Galata diňi we başga-da birnäçe  muzeŷler gijäň ŷaryna çenli açyk bolŷar. Türkiŷäniň medeni paŷtagty bolan bu şäherde şeŷle hem dünýä belli ýyldyzlaryň konsertleri geçirilýär. Muňa ŷaňy-ýakynda geçirilen Justin Timberlakiň we Robbie Williamsiň konsertlerini mysal görkezmek bolar. Bosforyň boýundaky gijeki gezelençlerde şäheri synlanyňda özboluşly gözelligi gaýtalanmajak sungat eserini ýada salýar.


Gün ŷaşandan soň Egeŷ kenarynyň ruhy durmuşy


Türkiýäniň Egeý sebitine degişli Izmir we Mugla şäherleriniň agşamlarynda gastronomiýa we medeniýetiň sazlaşygyny görmek bolŷar. Izmiriň Urla etrabynda jahankeşdelere ýerli çakyrlar, şeŷle-de täze deňiz önümleri bilen taŷŷarlanŷan tagamlar hödür edilŷär. Egeŷiň açyk asmanyň astynda ŷerleşŷän meşhur MICHELIN görkezmesine girizilen restoranlary bolsa biri-birinden datly naharlary bilen haŷran galdyrŷar. Bodrumda agşamara Suwasty arheologiýa muzeýine baryp görmek, Fethiýede we Marmarisde bolsa gijeki daŷwing (suwa çümmek) we gaýykly gezelençleri meşhurdyr.


Antalýa- aýdym-saz, sport we ruhubelentlik 


Ortaýer deňziniň merjeni hasaplanŷan Antalŷa şäheri özboluşly gijeki durmuşy bilen tanalýar. Munuň şeýledigine Gadymy Aspendos teatrynda agşam geçirilŷän opera we balet festiwallary, gijäň ŷaryna çenli hereket edŷän muzeýler, Kaş etrabyndaky guralŷan gijeki daŷwingler, Belek etrabynyň ýörite yşyklandyrylan meŷdançalardaky golf oýunlary şaýatlyk edýär.


Kapadokiýa- aŷly gijeleriň owazy


Kapadokiýanyň ajaýyp ýerasty şäherleri bolan Derinkuŷu, Kaýmakly şeŷle hem Özkonak agşama çenli açyk bolýar. Syýahatçylar ähli amatlylyklary bolan gowak myhmanhanalarda düşläp, asmanda lowurdap duran ýyldyzlary synlap bilerler. Emma iň tolgundyryjy we täsir galdyryjy pursatlaryň biri bolsa daň atanda, ŷagny onlarça howa şarlarynyň asmana göterilýän wagty gelip ŷetŷär.