Turkmenportal logo
10:24
77077707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2025-nji ýylyň iň gowy smartfonlary: tejribeli bilermenleriň düzen sanawy
2025-nji ýylyň iň gowy smartfonlary: tejribeli bilermenleriň düzen sanawy

Häzir ulanmak üçin haýsy smartfon iň gowy hasaplanýar? Haýsy biri hem amatly, hem ulanmak üçin saýlanyňa degýär? Surata düşürmek ýa-da wideoýazgy etmek üçin nähili el telefonyny saýlap bolar?

Bu sowallaryň jogabyny makaladaky sanawdan tapyp bilersiňiz.

Dünýä ýüzünde smartfonlaryň barha gyzyşýan bazarynda her günde bolmasa-da, her aýda birnäçe täze modeller çykýar. Bu ýagdaý täze el telefonyny edinmek isleýän adamlara özleri üçin iň amatly enjamy saýlamak meselesinde azda-kände kynçylyk döredýär. 2025-nji ýylyň ahyrlanyp barýan döwründe haýsy smartfon üçin puluňy harçlamalydygy barada bu ugurda baý tejribe toplan, smartfon bazaryna oňat düşünýän we baha berip bilýän bilermenleriň pikiri has peýdaly bolsa gerek. Şu maksat bilenem, «The Telegraph» web saýtynyň ýetirýän maglumatlary esasynda mobil tehnologiýalary senagatynyň meşhur hünärmenleri, bu ugurda 40 ýyldan gowrak tejribesi bolan Rob Wo bilen Jon Mandiniň dürli ugurlar boýunça saýlan iň gowy smartfonlarynyň sanawyny okyjylara ýetirýäris.

Bu sanawda smartfony dürli maksatlar bilen ulanmak babatda «hakykatdanam iň gowy» diýdirýän enjam hökmünde öňdeligi «Apple» kompaniýasynyň «iPhone 17 Pro» smartfony eýeleýär. Muňa garamazdan, Android ulgamly smartfonlaryň hatarynda öz emeli aň we beýleki täzeçillikleri bilen ünsi çekýän «Samsung Galaxy S25» we ««Google Pixel 9» ýaly flagmanlyk kerweniniň öňdeligine dalaş edýänler hem bar. Aýratyn-da, täze «Google» smartfonlary Gemini Ultra AI ses kömekçisi bilen kompaniýanyň smartfon bazarynda futuristik ädim ädýändigini görkezýär.

Häzir bu bazarda bahasynyň köpler üçin gymmatdygyna garamazdan, ulanmak üçin berkligi, öndürijilik güýji bilen ulanyjylaryň islegini kanagatlandyrýan eplenýän el telefonlary hem öz ornuny pugtalandyrmasa, «bäsdeşlikden» yza galmaýar.

Ýeri gelende bellesek, birtaraplaýyn häsiýete eýe bolan bu sanawda bahasy babatda amatly, ulanmak üçin oňaýly smartfonlar hem görkezilýär. Biziň maksadymyz olaryň mümkinçiliklerine berilýän bahany görkezmek bolup, ulanyjylara täze enjamy satyn almakda üns berilmeli aýratynlyklary ýatlatmakdan ybarat. Megerem, bu makalany okamak bilen, täze smartfon satyn almagy meýil edýän okyjylar öz maksatlaryna ýetip bilerler.

Dürli aýratynlyklary boýunça öz kysmynda öňe saýlanan we maslahat berilýän smartfonlar şulardan ybarat:

  1. Iň gowy smartfon: Apple iPhone 17 Pro

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: surata we wideo düşürişi örän gowy, zarýad saklaýjylygy güýçli, haýran galdyryjy displeýi, öňki kamerasynyň oýlanyşykly tehnologiýasy.

Kemçilikleri: daşynda titanyň ýerine alýuminiý ulanylypdyr, jedelli dizaýny, bahasynyň gymmatlygy

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: iOS 26

  • ekrany: 6,3/6,9 dýuýmlyk OLED ekran, ýygylygy 120Gs

  • akkumulýatory: 3988 mA/s, 5088 mA/s

  • kamerasy: üç sany (esasy kamera 48MP, giň kamera 48MP, 8-li obýektiwli 48 MP-lik teleobýektiw), 18 MP-lik selfi-kamera

  • Prosessory: Apple A19 Pro

  1. Iň amatly smartfon: Google Pixel 9a

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: Edil Pixel 9 Pro smartfonunyňky ýaly tiz işleýär, kamerasynyň durulygy bahasyna degýär, emeli aňly programma üpjünçiligi bar

Kemçilikleri: dizaýny, emeli aňyň mümkinçilikleriniň kemterligi, haýal zarýad alýandygy

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 6,3 dýuýmlyk Actua Display displeýi, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 5100 mА/s

  • kamerasy: iki sany (esasy kamerasy 48 MP, giň kamera 13 MP), 13 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Google Tensor G4

  1. Iň gowy Android smartfon: Samsung Galaxy S25 Ultra

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: emeli aňyň örän giň funksiýalary jemlenen, işleýşi ýokary derejede, özboluşly S Pen stilusy birnäçe zerur maksatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär, kamerasyny örän golaýladyp bolýar

Kemçilikleri: dizaýny S24 modelinden tapawutlanmaýar, bahasynyň gymmatlygy, elde götermek üçin az-kem tagaşyksyz

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 6,9 dýuýmlyk OLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 5000 mA/s

  • kamerasy: esasy 200 MP, giň kamera 50 MP, 3-li teleobýektiw 10 MP, 5-li teleobýektiw 50 MP, 16 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

  1. Iň gowy bahasy arzan smartfon: Nothing CMF Phone 2 Pro

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: original dizaýny, gelşikli displeý, özbaşdak aýratyn teleobýektiw kamerasy

Kemçilikleri: monodinamikasy, kamerasynda stabilizasiýasy ýok

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 6,77 dýuýmlyk OLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 5000 mA/s

  • kamerasy: esasy 50 MP, giň kamera 50 MP, telefoto 8 MP, 12 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Mediatek Dimensity 7300 Pro

  1. Baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy iPhone: Apple iPhone 17

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: has gowulandyrylan displeý, baha-hil gatnaşygy gowy, uzak zarýad saklaýjylygy, öňki “akylly” kamerasy

Kemçilikleri: dizaýnyndaky kem-käsleýin üýtgeşmeler, zum-kamerasy ýok

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: iOS 26

  • ekrany: 6,3 dýuýmlyk OLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 3692 mA/s

  • kamerasy: iki sany — esasy 48 MP, giň kamera 48 MP, 18 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Apple A19

  1. Özbaşdak işleýşi uzak bolan iň gowy smartfon: OnePlus 13

Bahalandyrylyşy: 9/10

Peýdaly artykmaçlyklary: Örän uzak işleýän kuwwatly akkumulýatory, çalt zarýad alşy, uly we aýdyň displeýi, oňaýly programma üpjünçilikleri

Kemçilikleri: Programma üpjünçiliginiň çäkli goldawy, ozalkylardan gymmadrak bahasy

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: OxygenOS 15 ulgamy bolan Android 15 

  • ekrany: 6,82 dýuýmlyk AMOLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 6000 mA/s

  • kamerasy: esasy kamera 50 MP, giň kamera 50 MP, 3-li teleobýektiw 50 MP, 32 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

  1. Iň gowy oňaýly smartfon: Samsung Galaxy S25

Bahalandyrylyşy: 8/10

Peýdaly artykmaçlyklary: ýeňil we götermek üçin oňaýly dizaýny, aýratyn teleobýektiw kamerasynyň bolmagy, edil Ultra modeli ýaly işleýiş güýjüniň bolmagy

Kemçilikleri: kameralary gowy, ýöne ideal däl, ulanyjy interfeýsi gaýtadan ýüklenen

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: One UI 7.0 ulgamly Android 15

  • ekrany: 6,2 dýuýmlyk AMOLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 4000 mA/s

  • kamerasy: esasy kamera 50 MP, giň kamera 12 MP, telefoto 10 MP, 12 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

  1. Iň gowy kamerofon: Xiaomi 15 Ultra

Bahalandyrylyşy: 8/10

Peýdaly artykmaçlyklary: kameralarynyň örän durulygy, aýratyn-da ýokary derejede golaýlatmak mümkinçiligi, goşmaça kamera tutawajynyň bolmagy

Kemçilikleri: mümkinçiliklerine görä gymmadrak, programma üpjünçiliginiň oňaýsyzlyklary

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: HyperOS 2 ulgamly Android 15

  • ekrany: 6,73 dýuýmlyk AMOLED, ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 5410 mA/s

  • kamerasy:  esasy 50 MP, giň kamera 50 MP, 3-li 50 MP teleobýektiw, 200 MP-lik 4,3-li teleobýektiw, 32 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

  1. Iň gowy eplenýän smartfon: Google Pixel 9 Pro Fold

Bahalandyrylyşy: 8/10

Peýdaly artykmaçlyklary: kamerasy gowy, Android interfeýsi sazlaşykly, göwnejaý dizaýny

Kemçilikleri: bahasynyň gymmatlygy, öndürijiligi, haýal zarýad alýandygy

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 8 dýuýmlyk AMOLED (esasy); 6,3 dýuýmlyk AMOLED (beýleki bölegi), ýygylygy 120 Gs

  • akkumulýatory: 4650 mA/s

  • kamerasy: esasy 48 MP, giň kamera 10,5 MP, 5-li obýektiwi bolan 10,8 MP teleobýektiw, 2 sany öňki kameralary 10 MP

  • prosessory: Google Tensor G4

  1. Iň gowy açylyp-ýapylýan smartfon: Motorola Razr 60 Ultra

Bahalandyrylyşy: 8/10

Peýdaly artykmaçlyklary: aýdyň we dury hereket edýän ekrany, oňat kameralary, uzak wagtlap zarýad saklaýjylygy

Kemçilikleri: gymmat, teleobýektiwi ýok

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 7 dýuýmlyk AMOLED (içki), 4 dýuýmlyk AMOLED (daşky), ýygylygy 165 Gs

  • akkumulýator: 4700 mA/s

  • kamerasy: iki sany — esasy 50 MP, giň kamera 50 MP, şeýle hem 50 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

  1. Oýun oýnamak üçin iň gowy smartfon: Asus ROG Phone 9 Pro

Bahalandyrylyşy: 8/10

Peýdaly artykmaçlyklary: örän durnukly, öndürijilikli işleýär, zarýady örän gowy saklaýar, ýöriteleşdirilen oýun elementleri bar

Kemçilikleri: gymmadrak, programma üpjünçiliginiň çäkli goldawy, örän uly we elde götermek üçin tagaşyksyz dizaýny

Esasy häsiýetnamasy:

  • operasion ulgamy: Android 15

  • ekrany: 6,78 dýuýmlyk AMOLED, ýygylygy 185 Gs

  • akkumulýatory: 5800 mA/s

  • kamerasy: üç sany — esasy 50 MP, giň kamera 13 MP, teleobýektiw 32 MP, 32 MP-lik selfi kamera

  • prosessory: Qualcomm Snapdragon 8 Elite

Bellik: Bu makala diňe tanyşdyrmak maksady bilen ýazylandyr.

Peýdalanylan çeşme: «The Telegraph» web saýty.