Turkmenportal logo
14:42
3304833048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze ýyl oturylyşygy üçin kärdeşleri has-da ysnyşdyrjak bäş ideýa
Täze ýyl oturylyşygy üçin kärdeşleri has-da ysnyşdyrjak bäş ideýa

Täze ýyl mynasybetli guralýan oturylyşyk, agşamlyk dabarasy — bu kompaniýanyň öz işgärleriniň zähmetine ýokary derejede gadyr goýýandygyny we geljekki sepgitlere bilelikde üstünlik bilen ýetmäge ynam bildirýändigini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Hatda baýramçylyga sanlyja gün galan bolsa-da, ony ýatda galyjy edip guramak mümkindir.

Oturylyşygy guramak näme üçin gerek?

Ýyl ahyrlananda işleriň has-da köpelýändigine garamazdan, işgärler baýramçylyk şagalaňyny guramak pikirini hemişe ikelläp makullaýarlar. Bu işe täze güýç bilen başlamak, tamamlanýan ýyly şatlykly jemlemek hem-de kärdeşleriň jebislik ruhuny berkitmek üçin pursatdyr. Şeýle ýagdaýda oýlanyşykly guralan oturylyşyk diňe bir olaryň ruhuny götermek bilen çäklenmän, eýsem, kompaniýanyň öňde goýan işewürlik maksatlaryna agzybirlikde ýetmegine hem ýardam berýär.

Täze ýyl oturylyşygy täze tapgyryň başlangyjyny alamatlandyrýar, ýyly keýpiçaglykda jemlemäge kömek edýär, geljekki üstünliklere ynamy döredýär. Munuň özi işgärleriň hyjuwyny we işe wepalylygyny ýokarlandyrmaga peýdaly täsir edýän iş toparynyň medeniýetine maýa goýum diýmekdir.

Islendik iş toparyna laýyk geljek formatlar

Guramaçylar oturylyşygy guramakda ofisde işleýänler we daşyndan işleýän işgärler üçin iş toparynyň özboluşly aýratynlyklaryna baglylykda, dabarany dürli görnüşde meýilleşdirip bilerler.

Zehin bäsleşigi. Munda kärdeşler, adatça, özlerinde edýän işlerinden daşary bolan ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik alýarlar. Kimse oňat surat çekip bilýär, ýene biri saz guralyny ussatlyk bilen çalmagy başarýar, käbirleri bolsa beýlekileriň başarmaýan, adatdan daşary ukyplaryny görkezýärler. Bu format adamlaryň täze tarapyny açmaga we iş toparynda birek-birege ynamy, ýakynlygy artdyrmaga ýardam edýär.

Özboluşly lybaslaryň dabarasy. Lybaslaryň tematiki bäsleşigini geçirmek döredijiligi ösdürip, fantaziýalara giň ýol açar. Bu bäsleşikde toparyň ünsüni çekjek özboluşly bir tema saýlap, mysal üçin, «Döwürden üzňe» ýa-da «Iň ajaýyp görnüş» diýen ýaly kategoriýalary oýlap tapyp bilersiňiz. Daş keşbi bilen tapawutlanyp ýeňiji bolanlar gymmatly baýraklar bilen sylaglanyp bilner.

Sowgat alşyp-berişmek. Eger iş topary rahat atmosferany halaýan bolsa, onda birek-birege peýdaly sowgatlary bermäge ähmiýet berilse göwnejaý bolar. Mysal üçin, çaýy ýyly saklaýjy brendli bulgurlar ýa-da rahat köýnekler işgärleri diýseň begendirer. Bu sowgatlar olar üçin kompaniýa barada müdimilik ýadygärlik bolup galar. Onsoňam, brendli egin-eşikler şol brendiň mugt we ajaýyp mahabaty bolup hyzmat edýär ahyryn.

Bitewi, agzybir gurşawy döretmek. Oturylyşyga her bir gatnaşyjynyň bitewi jebisligi döretmäge öz goşandyny goşmagy iş toparynyň onuň ähli agzalarynyň aýry-aýrylykdaky tagallalaryndan ybaratdygyny, birleşmek üçin kärdeşleriň her biriniň işjeň goşulyşmagynyň möhümdigini aýdyň görkezýär. Bilelikde geçirilýän şeýle şagalaňdan ajaýyp surat hem döredip bolar. Bu öňde durýan maksatlara we üstünliklere ýetmekde işdeşleriň bitewi bir güýçdügini hemişe ýatladyp duran surata öwrüler.

Sylag gowşurmak dabarasy. Ýylyň ahyry — kompaniýanyň ýa-da edaranyň ösüşine saldamly goşant goşan hünärmenleri sylaglamak üçin hem örän amatly wagtdyr. Kärhananyň web saýtynda iň gowy işgärleriň galereýasyny döretmek, ýylyň netijeleri bilen bonusly programmany ýola goýmak ýa-da iň tapawutlanan işgärlere hem-de bütin topary önjeýli işlemäge höweslendirýän ýolbaşçylara baýraklary gowşurmak örän göwnejaý bolar.

Esasy zat — adamlaryň aladasyny etmek

Oturylyşyk dabarasynyň nähili belleniljekdigi hem wajypdyr welin, esasy zat iş toparynyň edýän işine hormat-sarpa goýup, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek has-da möhümdir. Täze ýyl mynasybetli oturylyşyk dabarasy — munuň özi geçen ýylda gazanylan üstünlikleri berkitmäge we topara täze ýylda täze üstünlikleri gazanmak üçin güýç bermäge ýardam edýän guraldyr.

Hatda baýramçylyga birnäçe sagat galan bolaýanda-da, toparyň işine goýulýan belent sarpany alamatlandyrjak we täze zähmet üstünlikliklerine ruhlandyrjak özboluşly oturylyşygy guramak asla giç däldir.