
Syýasy bäsdeşlikden global derejeli brende çenli — iki sany ispan topary dünýä sportynda iň gyzgalaňly tomaşany döretdiler
Bu — futbol diýerden has köp zady aňladýar
1902-nji ýylda geçirilen ilkinji duşuşykdan bäri toparlar 260 gezekden gowrak duşuşdylar. Şeýdibem, olar özara bäsdeşligini adaty sport garşydaşlygynyň çygryndan çykýan özboluşly fenomene öwürdiler. Bu günki gün El-Klasiko Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň finalyndan soň, möwsümiň iň möhüm ikinji futbol wakasy hasaplanýar. Bu duşuşygyň teletomaşaçylary hatda Ýewropa ligasynyň finalynyň tomaşaçylaryndan hem köpdür.
Gyzykly ýeri, bu duşuşyklary şeýle uly ähmiýete eýe eden zat nämekä? Bu sowalyň jogaby diňe bir futbol meýdançasynda däl-de, eýsem, syýasatyň, medeniýetiň we milli özboluşlylygyň özara baglanyşygyny emele getirýän Ispaniýanyň taryhynyň çuňluklaryna aralaşyp gidýär.
Gapma-garşylygyň taryhy: ol haçan başlady?
Gapma-garşylygyň taryhyndaky ilkinji oýun 1902-nji ýylyň 13-nji maýynda geçirildi. O döwürler heniz «Madridiň Realy» diýip topar hem ýokdy — diňe doganlar Padros we Hulian Palasios dagy tarapyndan esaslandyrylan «Madrid» futbol topary bardy. Ol 1920-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ispaniýanyň patyşasynyň topara «korollyga degişli» diýen derejäni bermegi bilen, «Korollygyň topary» adyna eýe boldy. Bu ispan dilinde «Real» diýlip atlandyrylýar.
«Barselona» bolsa esasy garşydaşyndan üç ýyl öň, ýagny 1899-njy ýylyň 29-njy noýabrynda şweýsariýaly Žoan Gamper tarapyndan esaslandyryldy. Bu iki ägirtleriň arasyndaky ilkinji duşuşykda «Madridiň Realy» 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelik bilen, iki toparyň arasyndaky iň uly bäsdeşlik başlandy.
Madrid — bu Ispaniýanyň paýtagty bolansoň, bu ýerde Hökümetiň we patyşanyň maşgalasynyň köşgi ýerleşýär. Paýtagt şäher konserwatiw güýçleriň daýanç merkezi hasaplanýar. Kataloniýa bolsa ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän awtonom sebitdir. Ispaniýada futbolyň dörän wagtyndan bäri bu iki topar diňe bir aýry şäherleriň däl, eýsem, iki aýry dünýäniň wekili bolup geldiler.
Frankonyň döwri: futbol syýasy söweşiň meýdanyna öwrüldi
Gapma-garşylygyň taryhynyň iň gara sahypalary Generalissimus Fransisko Frankonyň hökümdarlyk eden döwründe ýazyldy. 1939-njy ýylyň aprelinde raýatlyk urşy Frankonyň ýeňşi bilen tamamlandy we şol ýylyň dekabrynda ilkinji gezek çempionat geçirilip başlandy.
Iň dawaly wakalaryň biri 1943-nji ýyldaky Generalissimusyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarym final duşuşygy boldy. Katalonlylar Barselonada geçirilen ilkinji oýunda 3-0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Emma Madridde geçirilen ikinji oýunda täsin waka bolup geçdi. Oýun mahaly Barselonanyň oýunçylaryna dürli zatlar zyňyldy, dürli sögünç sözler gygyryldy hem-de toparyň oýun tilsimlerini bozmak üçin dürli synanyşyklar edildi. Frankonyň tarapdarlarynyň oýundan öň myhman oýunçylary gorkuzandyklary we öz howpsuzlyklary üçin ýeňilmelidikleri barada yşarat edendikleri habar berildi. Netijede, 11-1 hasabynda topar utandyryjylykly ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýle-de bolsa, Frankonyň katalon toparyny ýekirip, «Madridiň Realyna» goldaw berýändigi baradaky pikir 1953-nji ýyla çenli şübhe döredip geldi: Frankonyň 17 ýyllap häkimiýet başynda oturan döwründe katalonlylar milli çempionlygy bäş gezek gazandylar, «Real» bolsa bir gezek hem gazanyp bilmedi.
Asyryň transferi: Di Stefanoly mesele
1953-nji ýyl diňe bir iki topar üçin däl, eýsem, olaryň bäsdeşliginiň tutuş taryhynda uly öwrülişik nokady boldy. Wakalaryň merkezinde «Madridiň Realynyň» ykbalyny ebedi üýtgetjek oýunçy — argentinaly hüjümçi Alfredo Di Stefano durdy.
Bu waka «Barselonanyň» saýlama oýunçysy Ladislaw Kubala agyr kesellän mahaly başlandy. «Barselonanyň» prezidenti Enrike Marti tehniki direktor Hosep Samitýeriň öňünde dünýä futbolynyň täze «göwherini» tapmak wezipesini goýdy. Bu saýlaw Kolumbiýanyň «Milýonarios» toparynda ajaýyp oýun görkezýän Di Stefanony transfer etmäge gönükdi.
Oýunçynyň hukuklarynyň üç toparyň arasynda bölünmegi ýagdaýyň çylşyrymlaşmagyna sebäp boldy: Onuň «Milýonarios» bilen şertnamasy 1954-nji ýylyň oktýabryna çenli dowam edýärdi, şondan soň, hukuklar Argentinanyň «Riwer Pleýt» toparyna geçdi, şol bir wagtyň özünde, oýunçynyň özi bolsa eýýäm «Barselona» bilen ylalaşyk baglaşypdy.
1953-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Barsanyň» prezidenti Kolumbiýadan bu meseläni çözmezden yzyna dolanyp geldi: eger ol şonda «Milýonarios» tarapyndan talap edilen 27 müň dollary tölän bolsa, Di Stefano katalon toparynyň hataryna goşulmalydy. «Madridiň Realynyň» prezidenti Santiýago Bernabeu bolsa bu ýalňyşlykdan dessine peýdalanyp, talap edilýän puly töledi.
Şol ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň futbol federasiýasy örän haýran galdyryjy karar çykardy: Oňa laýyklykda, Di Stefano 1953-54 we 1955-56-njy ýyllaryň futbol möwsümlerinde «Madridiň Realynda», 1954-55 we 1956-57-nji ýyllaryň möwsümlerinde bolsa «Barselonanyň» düzüminde oýnamalydy. Emma katalonlar öz başarnyklaryny ganym hasaplaýan duşmanlary bilen paýlaşmak islemeýärdiler. 1953-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Madridde El-Klasiko oýnunyň başlamagyndan bir sagat öň, katalonlar Di Stefanodan ýüz öwürmek we Madridiň toparyndan 4,4 million pesetany almak barada şertnama baglaşdylar. Üç sagatdan soň, madridliler öz toparynyň 5-0 hasabynda gazanan ýeňşini baýram etdiler. Şol gollaryň ikisini Alfredo Di Stefano geçiripdi.
Bu transfer Ispaniýa futbolyndaky güýçleriň deňagramlylygyny üýtgetdi. Di Stefanonyň gelmegi bilen, «Madridiň Realy» milli çempionatyň çempiony boldy we Alfredo 29 gol geçirip, ýaryşyň iň köp tapawutlanan oýunçysy boldy. Argentinaly oýunçynyň toparda geçiren 11 ýylynyň dowamynda Madrid topary sekiz ýola Ispaniýanyň milli çempionlygyny we ilkinji bäş gezek Ýewropa çempionlarynyň Kubogyny gazandy.
Ýewropa «söweşleri»
1960-njy ýyllarda toparlaryň arasyndaky bäsdeşlik Ýewropa derejesine ýetdi. 1960-njy ýylda «Madridiň Realy» 1/8 finalda «Barselonany» iki gezek 3-1 hasabynda ýeňdi, soňra paýtagt şäheriň topary ýaryşda ýeňiş gazandy. Bu bolsa olaryň eýýäm yzly-yzyna bäşinji ýeňşi boldy. 1961-nji ýylda bolsa «Barselona» öz üstünligini baýram etdi. Ol «Madridiň Realyny» Ýewropa kubogy ugrundaky göreşden çykaran ilkinji topar boldy.
El-Klasikonyň ady nireden gelip çykdy?
Geň galdyrýan ýeri, häzirki wagtda bütin dünýäde belli bolan bu at ýakynda döredi. Bu söz düzümi «nusgawy oýun» ýa-da «iki nusgawy toparyň duşuşygy» diýen manyny aňladýar. Ispaniýada «nusgawy topar» diýlip hiç haçan ýokary diwiziondan düşmedik topara düşünilýär. Häzire çenli bu ýurtda üç sany şeýle topar bar: «Madridiň Realy» we «Barselona», şeýle hem Bilbaonyň «Atletigi».
Köpler El-Klasikonyň adynyň 2000-nji ýyllaryň başynda, haçan-da toparlaryň bäsdeşligi täze derejä göterilip, ispan futbolynyň hakyky nusgawy derejesine ýetende — ýurduň iň güýçli iki toparynyň dünýäniň iň güýçli oýunçylaryny düzümine goşup başlan mahaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan peýda bolandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda El-Klasiko diňe bir oýun däl, ol «La Liga» tarapyndan patentlenen uly bir brenddir.
Messi we Ronaldonyň döwri: bäsdeşligiň altyn asyry
El-Klasikonyň iň gülläp ösen döwri 2009 — 2018-nji ýyllar aralygyna, häzirki döwrüň iň beýik iki futbolçysynyň karýerasynyň pajarlan döwrüne gabat geldi. Ispanlaryň iki bäsdeş toparynyň wekilleri bolan Ronaldo we Messi her möwsümde azyndan iki gezek iň uly gapma-garşylyklaryň birinde — El-klasiko oýnunda duşuşdylar.
2007-nji ýylyň 10-njy martynda 19 ýaşly Lionel Messi «Madridiň Realyna» garşy geçiren duşuşygynda het-trik etdi. Şol oýun 3-3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Iki ýyl soňra bolsa «Madridiň Realy» Kriştiano Ronaldony satyn aldy. Şondan bäri El-Klasiko häzirki zamanyň iň beýik iki futbolçysynyň arasyndaky bäsdeşlik bilen alamatlandyrylýar.
Şol döwrüň iň ýatda galyjy oýunlarynyň biri 2009-njy ýylyň 2-nji maýynda bolan duşuşykdy. Pep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» «Santiago Bernabeu» stadionynda «Madridiň Realyny» 6-2 hasabynda ýeňdi. Lionel Messi, Týerri Anri we Hawi madridlileriň goragyny dargadyp, özleriniň özboluşly «tiki-taka» stilini görkezdiler.
Katalonlar 2010-njy ýylyň noýabr aýynda «Kamp Nou» stadionynda Joze Mourinýonyň «Realyny» 5-0 hasabynda ýeňmek bilen, ýene bir ajaýyp tomaşany döretdiler. Bu oýunlaryň dowamynda Messi «Madridiň Realynyň» derwezesine jemi 26 gol, Ronaldo bolsa «Barselona» 18 gol geçirdi.
Dawaly transferler
El-Klasikonyň taryhy diňe bir ajaýyp oýunlar bilenem däl-de, toparlaryň arasyndaky dawaly transferler bilen hem ýazyldy. «Barselonanyň» öňdebaryjy oýunçylary özleriniň esasy bäsdeşlerine diňe birnäçe gezek transfer boldular: 1994-nji ýylda Maýkl Laudrup, ondan soň, 2000-nji ýylda Luis Figo. Bularyň ikinjisiniň transferi şol wagt futbolyň taryhynda iň gymmat transfer boldy.
Figonyň transferi «Barselonanyň» janköýerleriniň gözünde hakyky dönüklik bolup galdy. Portugaliýaly futbolçy täze topary bilen ilkinji gezek «Kamp Nou» stadionyna gaýdyp gelende, oňa diňe bir kemsitmeler däl, eýsem, doňzuň kellesi ýaly dürli zatlar, alamatlar hem görkezildi.
Häzirki döwrüň El-Klasikosy: Syýasatdan işewürlige çenli
Toparlar Aziýa bazaryna işjeň girişmek bilen, girdeji gazanmak üçin täze usullary ulanmaga başladylar. Oýunlar has ir başlanyp ugrady. 2017-nji ýylda «Madridiň Realynyň» oýny Madrid wagty bilen sagat 13:00-da, Pekin wagty bilen sagat 20:00-da we Tokio wagty bilen sagat 21:00-da başlady.
Indi bu bäsdeşlik syýasat bilenem bagly däl-de, has köp pul gazanmak we global gerim bilen baglanyşykly boldy. «Madridiň Realy» bilen «Barselonanyň» arasyndaky oýunlar dünýäde ýüzlerçe million tomaşaçyny özüne çekýär we global sport çäreleriniň iň esasylarynyň birine öwrüldi.
Gyzykly maglumatlar
Ilkinji rowaýata öwrülen oýunlaryň biri 1943-nji ýylda, «Kopa del Reý» duşuşygy boldy. Şonda «Madridiň Realy» «Barselonany» 11-1 hasabynda ýeňdi. Bu oýun häzirlikçe ýaryşyň taryhyndaky iň köp gol geçirilen duşuşyk bolmagynda galýar.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda möwsümiň ilkinji El-Klasikosynda Kilian Mbappe sekiz gezek oýundan daşardaky ýagdaýda galyp, iň köp ofsaýda düşmekde şahsy rekordyny goýdy. Bu Ispaniýanyň ýokary diwizionynyň taryhynda hem iň ýokary görkezijidir.
«Barselonanyň» «Mes Que Un Club» diýen şygary «Topardan has uly» diýen manyny aňladyp, ol toparyň Kataloniýanyň nyşany hökmündäki ornuny nygtaýar.
Bäsdeşligiň bütin taryhynyň dowamynda toparlar ähli ýaryşlarda 260-dan gowrak duşuşyk geçirdiler, olarda «Madridiň Realy» köp ýeňiş gazandy, emma tapawut örän azdyr.
Jemleme
El-Klasiko — bu dünýä sportunda taryhyň, syýasatyň, medeniýetiň we ajaýyp futbolyň biri-birine bagly bolan özboluşly fenomenidir. 1902-nji ýyldaky ilkinji duşuşykdan başlap, şu günki dünýä derejesindäki tomaşa çenli taryhy ýoly geçen bu gapma-garşylyk öz köklerine wepalylygyny, ösüşini dowam etdirýär.
«Madridiň Realy» bilen «Barselonanyň» arasyndaky her bir duşuşyk diňe bir oýun bolman, bu bir asyrlyk taryhyň dowamy, ähli döwürleriň iň uly futbol bäsdeşliginiň täze bir sahypasydyr. Bu iki toparyň çykyş edýän wagty El-Klasiko dünýäniň millionlarça janköýeriniň ünsüni özüne çekmegini dowam etdirer we futbolyň hakykatdanam diňe bir adaty oýun däl-de, has köp zady aňladýandygyny gaýta-gaýta nygtap durar.