
Güýz paslynyň gelmegi bilen, saglygy goraýyş edaralary respirator kesellerine ýolukýanlaryň sanynyň artýandygyny yzygiderli hasaba alýarlar. Dümew, üsgülewük, beden agzalarynyň sowuklamagy, bokurdakda agyrylaryň döremegi hem-de ysgynsyzlyk ýylyň bu möwsüminde adaty bir ýagdaýa öwrülýär. Şeýle keselleriň aglabasy näme sebäpden hut güýz paslynda ýüze çykýarka? Iň esasy bilmeli zadymyz bolsa — dürli şübheli usullary ulanmazdan, özümizi möwsümleýin kesellerden gorap bilerismi?
Güýz syrkawlygynyň ylmy sebäpleri
Adamlaryň howanyň sowuklygy zerarly syrkawlaýandyklary baradaky umumy kabul edilen düşünje beýle bir dogry hem däl. Howanyň sowuklygy sowuklama ýa-da dümewiň döremegine sebäp bolmaýar — bu keselleriň döremegine wiruslar sebäp bolýar. Muňa garamazdan, güýz ýokanç keselleriň ýaýramagy üçin şertleri döredýär.
Birinji şert — gündizki wagtyň üýtgemegidir. Gündiziň gysgalmagy bilen, bedeniň immun ulgamynyň işinde möhüm hyzmata eýe bolan D witamininiň öndürijiligi peselýär. Bu ugurda geçirilen barlaglar D witaminiň ýetmezçiliginiň bedeniň dem alyş ýokançlyklaryna duýgurlygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Ikinji ýagdaý — adamlaryň wagtynyň köp bölegini pes howalandyrylýan ýapyk gurşawda geçirmegi bilen bagly. Daşarda howa salkyn bolanda ýa-da ýagyş ýagan mahaly howada wiruslaryň täsiri has ýokary bolan örän ýyly ýerlere howlugýarys. Köp adamly awtobusda ýa-da ofisde bir adam asgyryp onlarça adama kesel ýokuşdyryp biler. Üçünji şert bolsa howanyň çyglylygy bilen baglydyr. Öýlerde ýyladyş ulgamlary işledilende, içerdäki howa-da ýanyp guraýar, bu bolsa burnuň we bokurdagyň örtügine ýaramaz täsir edýär. Bu örtükler bedeniň ýokançlyklardan goraýan ilkinji goragçysy bolup, olar guran mahaly goraglylygy gowşaýar-da, wiruslaryň aralaşmagy üçin amatly şert döreýär. Onsoňam ýene bir aýtmaly zat, wiruslaryň köpüsi güýzde has işjeňleşýär.
Mysal üçin, grip wiruslary güýz we gyş aýlaryma mahsus bolan pes temperaturada we pes çyglylykda has gowy ýaşamaga ukyplydyr. Adaty sowuklamany döredýän rinowiruslar hem salkyn howada işjeňligini artdyrýar. Tomusky dynç alyşdan soň işe dolanmak ýa-da täze okuw ýylynyň başlamagy bilen baglanyşykly stres hem immuniteti gowşadýar. Dowamly stres immun öýjükleriniň işini basyp ýatyrýan gormon bolan kortizolyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Immunitet näme? Ol nähili wezipäni ýerine ýetirýär?
Immunitet, ýagny immun ulgamy bedeni ýokançlyklardan goraýan öýjükleriň, dokumalaryň we organlaryň çylşyrymly ulgamydyr. Ol iki sany esasy düzüm bölekden durýar: dogabitdi we soň gazanylan immunitet. Dogabitdi immunitet goragyň birinji ugrudyr. Oňa fiziki päsgelçilikler (deri, örtükler), himiki şertler (aşgazanyň kislotasy, tüýkülikdäki fermentler) we daşky täsirlere dessin garşylyk görkezýän öýjükler girýär. Immunitetiň bu görnüşi çalt, emma kesgitli däl görnüşde täsir edýär — ähli howplara deň derejede hüjüm edýär. Soň gazanylan immunitet bolsa ömrüň bütin dowamynda ösýär. Ol anyk bir patogenler bilen täsirleşenden soň ösmek bilen, immunologiki ýady döredýär. Immunitetiň bu görnüşi bedene şol bir täsir ediji bilen gaýtadan kesellemezlik üçin has çalt we täsirli jogap bermäge mümkinçilik berýär. Sanjym hut şu ýörelgä esaslanýandyr.
Immunitetiň hemişelik däl-de, dinamiki ulgamdygyna düşünmek möhümdir. Onuň netijeliligi köp şertlere baglydyr: ýaş, genetika, durmuş ýörelgesi, iýmitleniş, ukynyň hili, stresiň derejesi we dowamly keselleriň bolmagy...
Berk immunitet üçin niýetlenen iýmit
Iýmit ulgamyny kadaly saklamakda berhiz esasy hyzmata eýedir. Käbir iýmit maddalary immun öýjükleriniň öndürilmegine we işleýşine gönüden-göni täsir edýär.
C witamini, immunitet nukdaýnazaryndan, iň öwrenilen iýmitleriň biridir. Ýokanja garşy ak gan öýjükleriniň önümçiligini stimulirlemek bilen, ol güýçli antioksidantdyr. Oňa baý çeşmeler: sitrus miweleri, kiwi, gyzyl burç, brokkoli, şipownik, gara smorodina...
Möhüm bilmeli zat: C witamini bedende uzak saklanmaýar, şonuň üçin ony her gün almaga ymtylmalydyr. D witamini barada bolsa eýýäm agzap geçipdik. Güýzde we gyşda Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, witamine baý şu iýmitleri berhiz tertibiňize goşmak möhümdir: ýagly balyklar (losos, skumbriýa, sardina), ýumurtganyň sarysy we baýlaşdyrylan süýt önümleri. Şeýle-de bolsa, iýmitleniş köplenç ýeterlik däl we lukmanlar, esasanam, Gün şöhlesi ýeterlik bolmadyk ýerlerde ýaşaýan adamlar üçin goşmaça D witaminli goşundylary maslahat berýärler. Sink immun öýjükleriniň ösmegi we işlemegi üçin möhümdir. Onuň ýetmezçiligi ýokançlyklara duýgurlygyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Sinke baý bolan önümleriň hatarynda et, deňiz önümlerini (esasan-da, ustrisalar), hoz, tohum, noýba hem-de däneli önümleri bellemek bolar. Belok antitelleri we immun öýjüklerini öndürmek üçin zerurdyr. Iýmitiň düzüminde belogyň ýetmezçilik etmegi immunitetiň jogap täsirini gowşadýar. Şeýle ýagdaýda dürli çeşmeleri goşuň: et, balyk, guş, ýumurtga, süýt önümleri, noýba we hoz...
Probiotikler we fermentlenen önümler immun ulgamynyň öýjükleriniň takmynan 70%-ini özünde jemleýän içegäniň saglygyny goldaýar. Gatyk, miweli ýogurt, kelem we kimçi ýaly önümler immuniteti güýçlendirýän deňagramly içege mikrobiotasyna oňyn täsir edýär. Antioksidantlar öýjükleri ýetip biljek zeperlerden goraýar. Ir-iýmişler, gök çaý, gara şokolad, hoz we dürli görnüşli gök önümler sinergiki işleýän dürli antioksidantlary öz içine alýar.
Rasionyň köpdürlüligi — bu esasy ýörelge. Immunitete doly täsir edýän ýeke-täk «jadyly» iýmitiň ýokdugy welin hakyky. Saçagyňyza dürli reňkli iýmitleri goşmaga synanyşyň — bu köp mukdarda iýmegiňiz üçin ýönekeýje usuldyr. Durmuş ýoly we immunitet: Iýmit möhüm, ýöne bu diňe bir elementdir. Adamyň durmuş ýörelgesi immunitetine-de uly täsir edýär. Uky — bu bedeniň täzelenýän we immun ulgamynyň iň işjeň wagtydyr. Adam ukuda mahaly ýokançlyga we sowuklama garşy göreşmekde zerur bolan beloklary bölüp çykarýar.
Dowamly uky ýetmezçiligi (ulular üçin 7 sagatdan az) sowuklama duýgurlygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Ukynyň hili hem möhümdir: çuňňur, üznüksiz uky, bölünen ukudan immunitet üçin has peýdalydyr. Kadaly fiziki işjeňlik hem immuniteti güýçlendirýär.
Yzygiderli maşk etmek gan aýlanyşyny gowulandyrýar. Bu bolsa immun öýjükleriniň bedeniň has täsirli hereket etmegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem çişi azaldýar we immun öýjükleriniň täzelenmegine kömek edýär. Iň amatly tertip — hepdede 150 minut ýa-da hepdede bäş gezek 30 minutdan ortaça işjeňlikde bolmakdyr. Muňa tiz ýöremek, suwda ýüzmek, welosiped sürmek ýa-da tans etmek hem degişli bolup biler. Şeýle-de bolsa, balansy tapmak möhüm: güýçli, agyr türgenleşikler, esasanam, ýeterlik derejede gaýtadan güýjüňi dikeltmek şerti bolmasa, immunitet ulgamyny wagtlaýyn basyp, infeksiýalara «duýgurlyk penjiresini» açyp biler. Stresi dolandyrmak iňňän wajypdyr.
Dowamly stres kortizol we beýleki stres gormonlaryny ýokarlandyrmak arkaly immun funksiýasyny basýar. Stresi peseltmegiň usullary özbaşdak çemeleşilýän meseledir: meditasiýa, ýoga, dem alyş maşklary, tebigata gezelençler, güýmenje, ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek. Tüýs özüňiz üçin şowly zatlary etmäge çalşyň. Arassaçylyk ýokanç keselleriň öňüni almagyň iň täsirli usullaryndan biri bolmagynda galýar. Elleriňizi sabyn bilen azyndan 20 sekuntlap yzygiderli ýuwuň. Bu, esasan-da, nahar iýmezden ozal we köpçülik ýerlerine baryp göreniňizden soň, ýokaşma howpuny ep-esli azaldar. Ýuwulmadyk elleriňiz bilen ýüzüňizi ellemejek boluň. Wiruslar köplenç göze, burna we agza täsir etmek arkaly bedene aralaşýarlar.
Çilim çekýän adama ony düýbünden taşlamak, spirtli içgilerden bolsa çetleşmek ýerliklidir. Çilim çekmek dem alyş ýollaryna zeper ýetirip, immunitetiň täsirini gowşadýar. Spirtli içgileri aşa köp içmek bolsa immun öýjükleriniň işine ýeterlik derejede zyýan ýetirýär.
Suw we howany çyglandyrmak
Immuniteti saklamak üçin hökmany ýagdaýda ýeterlik derejede suw içmek gerekdir. Suw limfany — bedeniň ähli ýerinde immun öýjüklerini saklaýan suwuklygy öndürmäge kömek edýär. Şeýle hem, suw patogenlere böwet bolup hyzmat edýän örtükleri çyg saklaýar. Güýzde ýyladyş ulgamlary açylanda içerki gurşawdaky howa guraýar. 40 — 60 % derejede çyglylygy saklamak üçin nemlendirijileri ulanyň. Bu wiruslardan goranmagyň birinji «haýaty» bolup hyzmat edýän burundaky we bokurdakdaky örtükleriň guramagynyň öňüni alar. Otaglary yzygiderli şemallatmak, hatda daşarda salkyn bolsa-da, wiruslaryň howadaky konsentrasiýasyny peseldýär. Arassa howa ýapyk ýerlerde ýygnanan patogenleri ýok edýär.
Sanjym — ylmy taýdan subut edilen gorag
Gripe garşy sanjym — bu keselden goranmagyň iň täsirli usullaryndan biridir. Grip diňe bir ýakymsyz kesel däl. Gripiň ýokuşmagy çagalarda, garrylarda we dowamly keseli bolan adamlarda çynlakaý saglyk kynçylyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.
Sanjym üçin iň amatly wagt möwsümleýin keseliň ýüze çykmazyndan öňinçä, ýagny sentýabr-oktýabr aýlarydyr. Immunitet sanjym alnandan iki hepde soň güýçlenýär. Sanjym hem 100 % goragy kepillendirmeýär, ýöne sanjym edilen adam syrkawlasa-da, keseli örän ýeňil geçirýär.
Nämeler peýdasyz: ynançlara düzediş girizip
Immun ulgamyny güýçlendirmek üçin adamlar köplenç netijeliligi ylmy taýdan subut edilmedik usullara ynanyp, olary ulanmaga çalyşýarlar.
Witaminleriň mega möçberleri — bu giňden ýaýran ýalňyş düşünjedir. Witaminler zerur, ýöne olary köp kabul etmek immunitet ulgamyny üýtgeşik bir güýçlendirmeýär, hatda ol zyýanyňa-da bolup bilýär. Ýag gatyşykly witaminler (A, D, E, K) bedende ýygnanýar-da, aşa köp möçberde zäherli täsirleri döredip bilýär.
Immuniteti «güýçlendirýär» diýilýän, şübhe döredýän «Immunostimulýatoryň» ygtybarly bir subutnamasy hem ýokdur.
Immun ulgamy — inçeden düzülen mehanizm bolup durýar. Hatda özbaşdak «stimulýasiýa» howply, autoimmun kesellerinde has-da howply bolup biler.
Sowuk suwa düşüp taplanmak häzirki döwürde örän giňden ýaýran bir tejribe bolsa-da, sowuklamanyň ýüze çykmagyna edýän täsiri baradaky ylmy maglumatlar biri-birini inkär edýär. Bu proseduranyň saglyga umumy peýdasy bolup biler, ýöne ol doly derejede wiruslardan goragy kepillendirmeýär.
Antibiotikler-de sowuklama we dümewi döredýän wiruslara garşy durup bilmeýärler. Olaryň gözegçiliksiz ulanylmagy diňe bir peýdasyzam bolman, eýsem uly zyýana goýup biler: ol antibiotik garşylygynyň ösmegine we içege mikrobiomasynyň bozulmagyna getirýär.
Lukmana haçan ýüz tutmaly
Sowuklamalaryň köpüsi 7 — 10 günüň içinde gutulyp hem gidýär. Onda-da lukmançylyk kömegi zerur bolýan ýagdaýlar ýüze çykýar. Üç günden gowrak wagtyň dowamynda bedeniňiziň gyzgyny 101.5° F (38.5 ° C) derejeden ýokary bolup, demiňiz gyssa ýa-da dem almakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, döşüňiz agyrsa ýa-da başyňyz aýlansa, alamatlar çalt ýaramazlaşsa, bir hepdäniň içinde gowulaşmasa, lukmana hökmany ýüz tutmalysyňyz. Çagalar, ýaşuly adamlar hem-de dowamly keselleri bolan adamlar bular ýaly ýagdaýda aýratyn hüşgär bolmalydyr. Çünki ol ýagdaýyň has beterleşmegine getirip biler. Ýygy-ýygydan syrkawlasaňyz (ulular üçin ýylda 6 — 8 sowuklamadan köp bolsa), bu barada ilki bilen maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşmalydyr. Megerem, immun ulgamynyň gowşamagynyň esasy sebäplerini kesgitlemek üçin barlagdan geçmek zerur bolup biler.
Köpugurly çemeleşme — üstünligiň açary
Güýz paslynyň dürli hili möwsümleýin kesellerinden goraýan kepillendirilen «jadyly» derman ýa-da belli bir usul ýokdur. Güýçli immun ulgamy deňagramly iýmitlenmek, ýeterlik ukyňy almak, yzygiderli fiziki işjeňlik, strese gözegçilik etmek, arassaçylyk we ýaramaz endiklerden gaça durmak ýaly giňişleýin çemeleşmäniň netijesidir. Immun ulgamyňyza özüňizi gowy duýmaýan wagtyňyz däl-de, sagdyn durmuş endikleriňizi gündelik durmuşyňyza girizip başlamak möhümdir. Beýle diýilse, güýz pasly keselleriň giňden ýaýran möwsümi diýildigi däldir, ol saglygyňyza aýratyn üns bermeli döwürdir.
Onsoňam, her bedeniň özboluşlydygyny, beýlekilerden azda-kände tapawutlydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Bir adam üçin gowy täsir edýän zat başga biri üçin peýdasyz hem bolup biler. Esasy zat, bedeniňizi diňläň, saglygyňyz barada lukmanlar bilen maslahatlaşyň we ylmy subutnamalardan daşda bolan serişdeleri ulanmakdan saklanyň. Immun ulgamyňyzy güýçlendirmek — el ýaglygy bilen burnuňy süpürip ýöreniňden öňinçä, abadançylyk, energiýa we güýz möwsüminden doly lezzet almak ukyby bilen onuň öwezini doldurýan durmuş lezzetine ähmiýet bermekdir.