Özbegistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri üçin niýetlenen 3 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Üç gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Döwlet Gurluşyk» HJ tarapyndan bina edildi. Ýerleşdirilişi has gowulandyrylan 12 sany öýüň her birinde ýokary hilli bezeg serişdeleri ulanylypdyr, ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir, şol sanda mebeller, döwrebap aşhana göz öňünde tutulypdyr we amatly howa ýagdaýyny üpjün edýän ulgamlar ornaşdyrylypdyr.
Çärä daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Özbegistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, goňşy ýurduň ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Täze ýaşaýyş jaýynyň töweregindäki abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary gurlupdyr.
Açylyş dabarasynyň ahyrynda myhmanlara iki ýurduň milli tagamlary hödürlendi.