Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Daşkent şäherine amala aşyrýan saparynyň dowamynda Özbegistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de geljek ýyl üçin özara hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny kesgitlediler.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi