Top.Mail.Ru

Arhiw

24-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:4824.12.2024
0
9836

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Aşgabatda «Rossotrudniçestwonyň» goşmaça bilim merkezi açyldy, türkmen ýazyjysy halkara edebiýat baýragyna mynasyp boldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

2. Türkmenistanyň Ahal welaýatynda iki sany möhüm infrastruktura desgasy: Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr suw arassalaýjy desga hem-de Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metre deň bolan lagym suwuny arassalaýjy desga ulanylmaga berildi.

3. Aşgabatdaky Rus öýünde «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň goldaw bermeginde goşmaça bilim merkezi açyldy. Açylyş dabarasyna ilçi Iwan Wolynkin gatnaşdy. Ol Merkeziň ýaş myhmanlaryna netijeli bilim almagy we geljekde uly üstünlikler arzuw etdi.

4. Ankara şäherinde Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh ýokary guramasy tarapyndan guralýan edebiýat baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistandan bu baýraga «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow mynasyp boldy.

5. Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen eýranly türkmen repçi Emin Raseniň konserti Aşgabatdaky daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň giň gerimli konsertlerine badalga berdi. Emin Rasen dabaranyň başynda Türkmenistanda konsert bermegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň ýerine ýetiren watançylyk aýdymlary aýdymçynyň özüniň aslyna buýsanjyny beýan etdi.

6. Aşgabatda Liwiýanyň Garaşsyzlyk gününiň 73 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu çärä Liwiýanyň ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň resmi böleginden soň myhmanlar Liwiýanyň milli tagamlaryny dadyp gördüler we «Ýyldyz» myhmanhanasynyň eýwanynda ýurduň ilçihanasynyň sergisi bilen tanyşdylar.

7. Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan Respublikasynyň konsullygynyň täze binasy açyldy. Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew açylyş dabarasynda eden çykyşynda iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky dialogyň Astana bilen Aşgabadyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy bolup durýandygyny belledi.

Dünýäde

8. Şanhaý dünýädäki iň uly konteýner terminaly derejesini ýene bir gezek tassyklady. Ýylyň dowamynda port arkaly iberilýän ýükleriň mukdary 50 million adaty konteýnerden geçdi, bu bolsa täze dünýä rekordydyr.

9. BMG-niň Afrika ykdysady komissiýasy bu yklymyň demografiki geljegi barada hasabat hödürledi. Hasabatda bellenmegine görä, 2050-nji ýyla çenli Afrikanyň ilatynyň sany 2,5 milliard adama ýeter. Resminamada özboluşly demografik aýratynlyk bellenilýär: yklymyň ilatynyň ortaça ýaşy bary-ýogy 20 ýaş bolar, bu bolsa Afrikany dünýäniň iň ýaş ilaty sebiti eder.

Sport täzelikleri

10. «Arkadagyň» futbolçylary Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk Aşgabatda geçirildi. Ýeke-täk goly Begenç Akmämmedow derwezä girizdi. Şeýlelikde, «Arkadag» möwsümde 3 kubok gazandy – Türkmenistanyň çempionaty, Türkmenistanyň Kubogy we Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň