Turkmenportal logo
08.05.23
4376543765
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanda wagtyndan öň Prezident saýlawlary geçiriler
Özbegistanda wagtyndan öň Prezident saýlawlary geçirilerSurat: yuz.uz

Özbegistanda wagtyndan öň Prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli resminama gol çekdi. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.


Bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Konstitutsiýasynyň 110-njy we 128-nji maddalaryna we Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, 9-njy iýul güni ýurtda möhletinden öň Prezident saýlawalaryny geçirmek bellenildi.


Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlawlaryň wagtyndan öň geçirilmeginiň sebäbini Özbegistanyň täzelenen Konstitutsiýasynyň Prezidentiň, Parlamentiň, Hökümetiň, ministrlikleriň we häkimlikleriň öňünde gijikdirip bolmaýan täze syýasy we dumuş-ykdysady wezipeleri goýýandygy bilen delillendirdi.