Soňky habarlar

Arhiw

«Laureus» Messini «Ýylyň türgeni» diýip yglan etdi

11:1409.05.2023
0
29840

PSŽ-niň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi «Laureus» bütindünýä sport akademiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň «Iň gowy türgeni» diýlip yglan edildi. Bu barada TASS habar berýär.

Bu baýrak üçin Messiniň esasy bäsdeşleri topardaşy Kilian Mbappe we «Formula-1»-iň niderlandly iki gezek çempiony Maks Ferstappen, syrykly bökmek boýunça dünýäniň rekordçysy, şwesiýaly türgen Arman Dýuplantisa, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal we amerikaly basketbolçy Stefen Karri dagylar boldy.

Ýylyň iň gowy zenan türgeni hökmünde bolsa ýamaýkaly ylgaýjy, Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony Şelli-Enn Freýzer-Praýs ykrar edildi. Ol geçen ýyl 100 metr aralyga ylgamak boýunça 10-njy gezek dünýäniň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň