Top.Mail.Ru

Arhiw

Ýaşyl ýylanyň ýylyny garşylaýarys: 2025-nji ýylda üstünlik gazanmagyň syrlary

0
727

Ýaşyl bag ýylanynyň ýyly bolan — 2025-nji ýyla gadam basmagymyza örän az wagt galdy. Ýylyň bu paýhasly nyşanynyň göwnünden turup, üstünlige hem rowaçlyga ýetmek üçin, baýramçylyga giňden taýýarlyk görülýän şu günlerde birnäçe möhüm zatlary göz öňünde tutmak möhümdir.

Täze ýyl geýimleri barada aýdylanda, munda agras, kadaly geýinmek göwnejaý bolsa gerek. Adaty ýaşyl we goňur reňklerden başga-da, islendik açyk reňkler kabul ederlikli diýip bolar. Sebäbi tebigatda dürli reňkli ýylanlar duşýar ahyryn. Esasy geýim ajaýyp bolmaly! Parlak elementlere we paýetkalara (öwşün atýan kiçijik bezegler) aýratyn üns berilse ýagşy, sebäbi olar ýylanyň derisini alamatlandyrýar.

Täze ýyly şowhunly adamlar köplügi bilen bellemek maslahat berilýär, sebäbi ýylanlar sosial jandarlardyr. Güýçli ses edip, tansly we şatlykly bellemek bolar, sebäbi ýylanlar sesleri kabul etmeýärler. Baýramçylygy islendik ýerde — öýde, oturylyşykda ýa-da restoranda baýram edip bilersiňiz, esasy zat ýakynlaryňyz bilen bir gurşawda bolmakdyr.

Baýramçylyga taýýarlananyňyzda Täze ýyl arçasyndan başga ähli ýiti, çümüp biljek zatlary aýyrmalydyr. Hatda işdäaçarlary iýmek üçin niýetlenen kiçijik dürtülýän zatlary hem ulanmazlyk we gepleşiklerde gödek sözleri aýtmazlyk maslahat berilýär.

Şeýle hem ýiti ys saçýan atyrlary, esasanam, gül ysly parfýumlary ulanmakdan saklanmalysyňyz — çünki ýylyň nyşany tebigylygy has gowy görýär.

Öýüňizi bezäniňizde ýalpyldawuk bezeglere kän bir ähmiýet bermäň — ýylanlar garaňkyda has gowy görýärler we tagallalaryňyza hökman göz ýetirip, size geljek ýylda uly üstünlikleri arzuw ederler.

Peýdalanylan çeşme: ng72.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar