27-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, milli we daşary ýurt diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtyna habar berilmegine görä, tanyşdyrylyş dabarasynda edilen çykyşlarda görnükli şahyryň goşgular ýygyndysynyň italýan dilinde neşir edilmeginiň türkmen-italýan dostlugynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigi bellenildi. Mundan başga-da, goşgular ýygyndysy has giň okyjylar köpçüligine Magtymgulynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Söz ussadynyň 130 sany goşgusyny öz içine alan ýygyndynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň maslahatlary we ýardamy bilen Italiýanyň gündogary öwreniji alymlary tarapyndan italýan diline terjime edilendigi nygtaldy.
Çykyş edenler şahyryň italýan dilindäki ajaýyp goşgy setirlerini okamak bilen, Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiliginden özygtyýarly döwlet gurmak baradaky çagyryşlaryň eriş-argaç bolup geçýändigini, onuň şygyrlarynyň türkmen halkynyň erkinliginiň, jebisliginiň senasyna öwrülendigini bellediler.