Top.Mail.Ru

Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda uçar heläkçiligi sebäpli hatyra kitaby açyldy

13:1826.12.2024
0
17319

Azerbaýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Azerbaijan Airlines» kompaniýasynyň uçarynyň pajygaly heläkçiligi bilen baglanyşykly hatyra kitaby açyldy. Ilçihana Russiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň ilçileri bilen bir hatarda birnäçe döwletiň diplomatik wekilleri wepat bolanlary hatyralap, gynanç bildirmek maksady bilen geldiler – diýlip, bu barada ilçihananyň X ulgamynyň sahypasynda habar berilýär.

Hatyra kitaby uçar heläkçiliginde wepat bolanlaryň maşgalalaryna gynanç we goldaw bildirmek isleýänler üçin açykdyr.

25-nji dekabrda Aktau şäherinde (Gazagystan) Baku-Groznyý uçar gatnawyny amala aşyrýan «Azerbaijan Airlines» kompaniýasynyň ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Uçarda 67 adam bardy, olaryň 28-si aman galdy.

Ýolagçylaryň arasynda birnäçe ýurduň raýatlary bardy:

• 37 adam Azerbaýjandan
• 16 adam Russiýadan
• 6 adam Gazagystandan
• 3 adam Gyrgyzystandan

Groznyýnyň howa menziliniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, uçar barmaly ýerindäki goýy ümür sebäpli ilkibaşdaky ugruny üýtgetmeli bolýar. Uçar ilki Mahaçkala, soňra Aktau şäherine gönükdirilýär. Betbagtçylygyň başlangyç sebäbi guş sürüsi bilen çaknyşmagy bolmagy mümkindir.

Uçar wakanyň bolan ýerinde gonan mahaly böleklere bölünipdir. Ýüze çykan ýangyn halas ediş gulluklary tarapyndan dessine söndürilýär. Häzirki wagtda betbagtçylygyň bolan ýerinde halas edijiler we derňew edaralary degişli işleri dowam etdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň