Turkmenportal logo
04.08.2026
4497844978
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Emeli aň we sanlylaşdyrma Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegini kesgitleýär

Emeli aň, sanly ekizler, awtomatlaşdyrma hem-de maglumatlaryň giňeldilen seljermesi dünýä energiýa senagatynyň netijeliligini, ygtybarlylygyny we ekologik görkezijilerini ýokarlandyrmak üçin barha möhüm gurallara öwrülýär.

Häzirki zaman tehnologiýalary nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek we ulanmak üçin çemeleşmeleri özgerdýär. Olar kompaniýalara geologik maglumatlary seljermäge, burawlamak işlerini işjeňleşdirmäge, önümçiligiň möçberlerini çaklamaga, enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hem-de gymmat çykdajyly önümçilik bökdençlikleri ýüze çykmazdan öň, tehniki meseleleri anyklamaga ýardam edýär.

Tebigy gaz gazyp almak we daşamak, deňiz ýataklaryny özleşdirmek we gazy gaýtadan işlemek ýaly iri taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin sanly geçiş bar bolan aktiwleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de täze infrastrukturany döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Iň amaly ugurlaryň biri-de öňünden çaklamak tehniki hyzmatydyr. Kompressorlardan, turbageçirijilerden, gaýtadan işleýän gurnamalardan we beýleki enjamlardan häzirki wagt tertibinde maglumatlary toplamak hem-de seljermek operatorlara maddy-enjamlaýyn binýadyň könelmeginiň irki alamatlaryny anyklamaga we has çylşyrymly bökdençlikler ýüze çykmazdan öň abatlaýyş işlerini meýilleşdirmäge ýol açýar.

Bu çemeleşme meýilleşdirilmedik işleri azaltmaga, senagat howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga hem-de gymmat bahaly önümçilik desgalarynyň ulanyş möhletini uzaltmaga kömek edýär.

Energetika pudagynda sanly ekizleriň ähmiýeti hem artýar. Sanly ekiz fiziki obýektiň wirtual modelidir — mysal üçin, gazy gaýtadan işleýän zawod, turbageçiriji ýa-da önümçilik desgasy.

Onuň kömegi bilen inženerler enjamlaryň işini seljerip, dürli önümçilik ssenarilerini modelleşdirip we teklip edilýän üýtgeşmeleriň täsirini hakyky desgada ornaşdyrmazdan öň bahalandyryp bilýärler.

Emeli aň geologiki we seýsmiki maglumatlary düşündirmekde, suw howdanlaryny modelirlemekde, burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmekde hem-de önümçiligi çaklamakda ulanylyp bilner.

Şonuň bilen birlikde, onuň maksady inženerçilik tejribesiniň ornuny tutmak däl-de, hünärmenleriň professional mümkinçiliklerini giňeltmekde jemlenýär. Sanly gurallar köp mukdardaky maglumatlary gaýtadan işlemäge, ösüşiň dürli mümkinçiliklerini deňeşdirmäge we mümkin bolan töwekgelçilikli ýagdaýlary has tiz ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Energetika ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň barha artmagy bilen, bu pudakda kiberhowpsuzlyk hem has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sanlylaşdyrma täze oňyn mümkinçilikleri döredýän bolsa-da, şol bir wagtyň özünde senagat dolandyryş ulgamlarynyň, önümçilik maglumatlarynyň hem-de aragatnaşyk infrastrukturasynyň goragynyň güýçlendirilmegini talap edýär.

Şonuň üçin energetika ulgamynda kiberhowpsuzlyga indi diňe maglumat tehnologiýalary bilen bagly mesele hökmünde garamak bolmaýar. Ol gönüden-göni önümçiligiň ygtybarlylygy, senagat howpsuzlygy we kärhanalaryň işiniň üznüksiz alnyp barylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Sanly tehnologiýalar daşky gurşawyň işini gowulandyrmaga hem goşant goşýar. Hemra monitoringi, uçarmansyz uçýan enjamlar, stasionar datçikler we häzirki zaman seljerme ulgamlary metan zyňyndylaryny hem-de önümçilik ýitgileriniň beýleki çeşmelerini ýüze çykarmaga kömek edýär.

Bu hili çözgütleriň amalyýetdäki gymmaty diňe bir müşgillikleri anyklamakda däl, eýsem, dessin ýagdaýda olary aradan aýyrmak üçin zerur çäreleri görmekde hem jemlenýär.

Tehnologiýalar ugrunda hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýeti 2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde 31-nji gezek geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT) atly halkara maslahatyň we serginiň maksatnamasynda öz beýanyny tapar.

Deslapky maksatnama «Energetika pudagynda tehnologiýalar, sanlylaşdyrma we emeli aň» diýen mowzuk boýunça özbaşdak pikir alyşmany öz içine alýar. Onuň çäklerinde emeli aň, sanly nebit känleri, sanly ekizler, awtomatlaşdyrma, kiberhowpsuzlyk, maglumatlaryň seljermesi, aktiwleri optimizirlemek we «akylly» energetika infrastrukturasy ýaly ugurlara seretmek meýilleşdirilýär.

Strategik plenar pikir alyşmalarda we halkara energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýörite bölümlerde sanly geçiş bilen bagly meseleler barada hem pikir alşylar.

Bulardan başga-da, OGT-niň Energetikanyň geljekki liderleriniň forumynda sanly başarnyklar, emeli aň, hünär taýdan kämilleşdiriş we ýokary okuw mekdepleri bilen senagatyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň ediler.

Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljekki ösüşi tebigy serişdeleriň, inženerçilik tejribesiniň, döwrebap tehnologiýalaryň hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň özara utgaşdyrylmagyny talap edýär.

Halkara hyzmatdaşlyklar diňe bir enjamlara we programma üpjünçiligine däl-de, eýsem, bilimleri alyşmaga, tehniki goldawa we milli hünär başarnyklarynyň ösdürilmegine elýeterliligi üpjün edip, bu ugurda wajyp ähmiýete eýe bolar.

Şunuň bilen birlikde, sanlylaşdyrma işine özbaşdak maksat hökmünde garalmaly däldir. Onuň täsirliligi — önümçiligiň howpsuzlygynyň we ygtybarlylygynyň ýokarlanmagy, infrastrukturanyň netijeliligi, ekologik monitoringiň hiliniň ýokarlanmagy we maýa goýum çözgütleriniň esaslandyrylmagy ýaly amaly netijeler bilen kesgitlenýär.

Global energiýa pudagynyň tehnologiýa taýdan barha ösendigi sebäpli, fiziki aktiwleri sanly aň bilen utgaşdyrmak ukyby kompaniýalaryň we döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygy üçin barha möhüm häsiýete eýe bolar.

Bu bolsa Türkmenistan üçin ýurduň möhüm energetika mümkinçiliklerini global energetika senagatynyň täze neslini kemala getirýän tehnologiýalar bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahat we sergi (OGT), oňa wekilleriň hasaba alynmagy, sergä gatnaşmak hem-de hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler barada has anyk maglumatlary www.ogt-türkmenistan.com resmi web saýtynda ýerleşdirilendir.