Hindistanyň öňki Hökümet başlygy Manmohan Singh 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada syýasatçynyň ýaş bilen bagly kesellerden bejergi alan Bütinhindi lukmançylyk ylymlary instituty habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Manmohan Singh 2004-2014-nji ýyllarda ýurduň Premýer-ministri boldy. Ol özüniň «Hindi milli kongres» partiýasy parlament saýlawlarynda şowsuzlyga uçrandan soňra iş başyndan gitdi.
Syýasatçyny liberal ykdysady özgertmeleriň binagäri diýip atlandyrýardylar, sebäbi ol 1991-nji ýyldan maliýe ministri wezipesinde işleýärkä, salgytlary azaltdy, rupiýany hümmetsizlendirdi we döwlet kompaniýalaryny hususyýetçilige berdi, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumçylary çagyrdy. Bu öz gezeginde Hindistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge mümkinçilik berdi.
Manmohan Singhiň aradan çykmagy bilen baglylykda, Hindistanda ýedi günlük matam yglan edildi.