Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşar

10:1208.05.2023
0
33748

Golaý wagtda Hytaýa Merkezi Aziýanyň ähli döwlet Baştutanlary sapar bilen bararlar. Bu barada ýurduň DIM-niň wekili Hua Çunin habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar.

Onuň sözlerine görä, HHR-iň Başlygy Si Szinpin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewi hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmony 16 — 20-njy maý aralygynda öz ýurduna döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Diplomat çagyrylan Prezidentleriň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Hytaý — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşjakdyklaryny habar berdi.

Sammit Szinpiniň başlyklyk etmeginde Hytaýyň Şensi ülkesiniň merkezi Sian şäherinde geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň