Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni bellenildi, Türkmenistanyň Baş konsuly Kazanyň häkimi (meri) bilen duşuşdy, «Daýhanbank» Türkmenistanda hyzmat edýän bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda we beýleki habarlar

11:1916.01.2023
0
38202

1. Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde Ejeler güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ejeler güni Eýranda Muhammet pygamberiň gyzy Patma Zahranyň doglan güni mynasybetli döredildi, ol yslam dünýäsinde enäniň ideal keşbi we ähli musulman zenanlara görelde almak üçin nusga hasaplanýar.

2. Tatarstanyň paýtagtynyň häkimi (meri) Ilsur Metşin Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Tatarstanyň baş şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berdiler. Şonuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi bilen Kazanyň merliginiň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen birlikde, taraplar beýleki şäherleriň arasynda hem doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

3. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 1,85 mln-dan gowrak plastik bank kartyny işe girizdi. Bu görkeziji boýunça «Daýhanbank» DTB Türkmenistanyň ähli banklarynyň arasynda ynamly öňdeligi saklaýar. Ikinji orunda işe girizilen 1 mln-dan gowrak kart bilen «Türkmenistan» banky, üçünji orunda bolsa «Halkbank» (590 müňden gowrak bank karty) barýar.

4. Hytaý milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» ylalaşylan zolagynyň 1-nji şäherçesinde üç sany umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny dowam edýär. Şonuň bilen baglylykda, kompaniýa gurluşygy dowam etmek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlama tapgyrynyň geçirilýändigini yglan edýär. Bäsleşige gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa gatnaşmak üçin arza berip biler. Gatnaşmak üçin şertler we deslapky saýlama resminamalary barada has anyk maglumatlary almak üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.

5. Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandy. Türkmenistan 2013-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygy boýunça öz wezipesini ýerine ýetirdi. Ýagny, Türkmenistan Atamyrat – Ymamnazar taslamasynyň 85 kilometrlik geçelgesini, şeýle hem Akinany we Andhoýy birleşdirýän 35 kilometrlik demir ýol şahamçasyny gurmalydy.

6. Türkmenistanda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň bir tonnasy ABŞ-niň 804 dollary bilen bahalandyrylýar. Bu Gazagystanda, Özbegistanda we Russiýada öndürilýän suwuklandyrylan gazyň bahalaryndan ýokarydyr. Gazagystanyň önümçiligine degişli suwuklandyrylan gazyň bir tonnasynyň ortaça bahasy 483 dollara, Özbegistanyň önümçiligine degişli ýangyjyň bahasy – 505 dollara, Russiýada öndürileniňki bolsa – 514 dollara deňdir.

7. Gündogar-Gazagystan welaýatynyň ýangyn gözegçileri peç ýyladyş ulgamynyň howpsuzlyk meselelerine ilatyň ünsüni çekmek üçin adaty bolmadyk usul tapdylar. Olar odun ýa-da kömür arkaly ýyladylýan hususy öýlere 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň geýiminde aýlanýarlar we ýangyn ýa-da bogujy gaz zäherlenmesi ýüze çykmazlygy üçin peç ýyladyş ulgamyny dogry ulanmagyň düzgünleri barada gürrüň berýärler.

8. «Belawia» belorus döwlet awiakompaniýasy «Android» we «iOS» operasion ulgamlaryny ulanyjylar üçin niýetlenen ykjam programmany täzeledi. Täze nusgada programmanyň işinde ýüze çykýan käbir tehniki näsazlyklar aradan aýryldy, ulanyjy interfeýsi täzelendi, şeýle hem «OnAir» bort žurnalynyň täze sanlary goşuldy. Ýatlatsak, «Belawia» Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça her sişenbe güni hepdelik howa gatnawyny amala aşyrýar. Bu ugur boýunça petekleri gönüden-göni «Belawia-nyň» smartfonlar üçin niýetlenen ykjam programmasyndan satyn almak mümkindir. Iki taraplaýyn petegiň jemi bahasy ABŞ-niň 550 dollaryna deňdir.

9. Kazanda yslam döwletleriniň we Tatarstan Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ilkinji hokkeý ýaryşy «Kazan Hockey Cup» badalga aldy. Açylyş dabarasy Sport köşgüniň buzly meýdançasynda geçirildi. Bäsleşik 13 döwletden 300-den gowrak türgeni we hünärmeni bir ýere jemledi. Yslam döwletleriniň arasyndaky hokkeý ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy Tatarstanyň toparyndan 2:7 hasabynda asgyn geldi.

Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndysy Gyrgyzystanyň toparyndan 5:4 hasabynda üstün çykdy. 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň ýygyndysy Gazagystanyň toparyna garşy oýnar.

10. «Romanyň» hüjümçisi Eldor Şomurodow «Real Walýadolide» geçip biler. Çeşmäniň berýän habarlaryna görä, ispan kluby 27 ýaşly özbek türgeni kärendä almak bilen gyzyklanýan dalaşgärleriň biridir, emma ylalaşyk heniz amala aşardan uzakda. Şomurodow «Romanyň» düzüminde 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri çykyş edýär. Häzirki möwsümde hüjümçi 8 duşuşyga gatnaşdy we 1 gol geçirmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň