Türkmenistada köp ýyllaryň dowamynda ýöredilip gelinýän milli senenama boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bu barada şeýle diýilýär:
«Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şondan bolsa gerek, uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar.
Gyş paslynyň şeýle täsinliklerini ylym hem yzygiderli öwrenýär. Gyş döwründe Ýeriň hereket edýän tekizliginiň asman ekwatoryna 23 gradus — 26 gradus ýapgytlygy zerarly Günüň şöhlesiniň düşýän gytaklygy 46 gradus — 52 gradus üýtgeýär. Şol sebäpli pasyllaryň çalyşmasy ýüze çykýar. Gyş paslynda Ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Günüň gytak we gysga şöhlesi gündizlerine Ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär. Şonuň netijesinde hem gyş pasly emele gelýär.
Howanyň gyşda-da güneşli bolmagy her näçe gowy bolsa-da, ata-babalarymyz bu paslyň aşa maýyl gelmegini-de halamandyrlar. Olar «Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýaz bolmaz» diýmek bilen, gyşyň aýazly, sowuk günleriniň peýdasynyň bardygyny-da ünsden düşürmändirler. Aýazly günlerde birnäçe zyýanly mör-möjekleriň gyrylýandygy hemmä belli hakykat. Hut şonuň üçin-de, halkymyz ýagyşdyr garyň topraga näderejede zerurdygyny hem ýatladypdyrlar».