Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Kazan şäheriniň häkimi Ilsur Metşin bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar diýlip, konsullygyň resmi web sahypasynda habar berildi.
12-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda taraplar türkmen we tatar halklarynyň ruhy hem-de medeni ýakynlygyny belläp, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we Tatarystanyň şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi bilen Kazan şäher häkimliginiň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirmek bilen birlikde, taraplar beýleki şäherleriň arasynda doganlyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň hem möhümdigini bellediler.