«Täze Aý» kompaniýasy miweleri daşamak işini kem-kemden örän kadaly gurnalan bitewi ulgama öwürýär. Munda bolda hasyl ýygnamakdan başlap, önümleriň Türkmenistanyň bäş welaýatyndaky dükanlaryň tekjelerinde alyjylara ýetirilmegine çenli — işiň her bir tapgyry örän wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu iş indi häzirki günde diňe bir import we eltip bermek däl-de, möhlete eýermegiň we saklanyş şertleriniň önümiň hiline gönümel täsir edýän toplumlaýyn logistika zynjyryna öwrüldi.
Esasy üns — önümleriň ter bolmagynda
Kompaniýa üçin önümleriň terligi adaty mahabat şygary däl, ol işiň esasy ýörelgesi. Miweleriň adaty tagamyny, ysyny hem-de peýdaly aýratynlyklaryny saklamak üçin daşamalaryň ähli tapgyrynda döwrebap sowadyş ulgamlaryna hem-de daşama şertini berk gözegçilikde saklamaga esaslanylýar.
Temperatura režimine, daşamagyň wagtyna hem-de saklanyş şertlerine esasy ähmiýet berilýär. Şeýle çemeleşme hiliň peselmegini ýokary derejede azaltmaga we önümleriň söwda nokatlaryna ter halda gelmegine mümkinçilik berýär.
Bu pudagyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, häzirki wagtda ter miweler bazarynda üstünlikli işlemegiň esasy şerti logistika bolup durýar.

«Bu gün önümi basym getiren däl-de, terligine getiren utýar. Ter miweleriň söwdasynda hut önümiň hili alyjylaryň ynamyny kesgitleýär» diýip, Aşgabadyň lomaý söwda bazaryna gatnaşyjylaryň biri nygtaýar.

Üpjün edilýän ýerleriň geografiýasy giňeýär
Häzirki günde «Täze Aý» miweleri ýurduň bäş welaýatyna hem ugradýar, şeýle hem öz logistika torunyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunuň netijesinde-de, dükanlar wagtly-wagtyna miwe bilen üpjün edilýär, alyjylar bolsa ýylyň islendik möwsüminde dürli görnüşli hem ter önümleri alyp bilýärler.
Daşamalaryň geografiýasynyň ösdürilmegi söwda nokatlaryna islendik wagtda iň köp sarp edilýän önümleri tekjelerinde gerekli mukdarda saklamaga we hatda ýokary isleg dörän mahaly hem önüm görnüşlerini dessin dolduryp durmaga ýardam edýär.

Hil gözegçiligi işiň her tapgyrynda
Ugradylýan önümleriň ählisi logistika zynjyrynyň her bir tapgyrynda — ýüklemekden we daşamakdan başlap dükanlara barýança barlanylýar. Kompaniýa daşamagyň işjeň gatnaw ugurlaryndan peýdalanýar we üznüksiz sowuk zynjyr ýörelgesine eýerýär. Bu bolsa daşarky şertleriň önümleriň hiline täsirini azaltmaga ýardam edýär.
Kompaniýanyň hünärmenleri miweleriň terliginiň tötänleýin gazanylmaýandygyna, munuň üçin tehnologiýa takyk eýermelidigine we işlere yzygiderli gözegçilik etmelidigine oňat düşünýärler.

Söwda torlary üçin ygtybarly hyzmatdaş
«Täze Aý» dürli görnüşli miweleri amatly bahalardan hödürlemek bilen, ýurduň dürli künjeklerindäki dükanlar we söwda torlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hyzmatdaşlygyň şu hili formaty hyzmatdaşlara önümler bilen üpjünçiligi durnukly saklamaga we sarp edijileriň isleglerine tiz jogap bermäge ýardam edýär.
Kompaniýa logistika proseslerini kämilleşdirmegini, önümleriň görnüşlerini giňeltmegini hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyny dowam etdirýär. Şunlukda hem, kompaniýa ýokary hilli ter miweleri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde müşderiler üçin örän elýeterli etmäge çalyşýar.
Habarlaşmak üçin:
+993 522 5 80 50
+993 71 92 40 60