Top.Mail.Ru

«Daýhanbank» — Türkmenistanda peýdalanylýan bank kartlarynyň sany boýunça öňdebaryjydyr

15:2614.01.2023
0
34464

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli müşderilere 1,85 milliondan gowrak plastik bank karty berildi. Muny «Trend» Türkmenistanyň Merkezi Bankyna salgylanyp habar berýär.

Bu görkezijä görä, «Daýhanbank» Türkmenistandaky ähli banklaryň arasynda esasy öňdebaryjy boldy.

«Türkmenistan» banky 1 milliondan gowrak berlen kartlary bilen ikinji, «Halkbank» bolsa 590 müňden gowrak bank kartlary bilen üçünji orunda ýerleşýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň plastik kartlaryny ulanýanlaryň köpüsi Türkmenistanyň sebitleriniň ýaşaýjylarydyr.

Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli «Daýhanbank» Mary welaýatyndaky müşderilerine 552,3 müň, Daşoguzdaky müşderilerine 458,7 müň we Lebapdaky müşderilerine 417,8 müň kart beripdir.

Sanawyň beýleki iki lideri — «Türkmenistan» we «Halkbank» banklary kartlaryň köpüsini Aşgabatdaky müşderilerine, degişlilikde 472,7 müň we 215,9 müň sanysyny beripdirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň