Soňky habarlar

Arhiw

Kazanda «Kazan Hockey Cup» halkara ýaryşyna badalga berildi

23:5414.01.2023
0
21261

Kazan şäherinde yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň ilkinji halkara hokkeý ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryş gysgaça «Kazan Hockey Cup» diýlip atlandyrylýar.

«Ýaryşyň açylyş dabarasy şäherdäki buzly Sport köşgünde geçirildi» diýip, Tatarystanyň sport ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryşa 13 döwletden 300-den gowrak hokkeýçi gatnaşýar.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Tatarystan Respublikasynyň ýygyndysyndan 2:7 hasabynda asgyn geldi.

Ilkinji günüň beýleki duşuşyklarynyň netijeleri:

  • «Ak Bars» hokkeý topary ― BAE ― 3:6
  • Alžir-Marokko-Liwan ― Saud Arabystany ― 3:11
  • Özbegistan — Bahreýn — 17:0
  • Tatarystan — Bahreýn — 11:1 (zenanlar)

Ýaryşa erkekleriň 12, zenanlaryň bolsa 5 topary gatnaşýar. 17-nji ýanwara çenli dowam etjek ýaryşyň duşuşyklary Kazan şäherindäki buzly Sport köşgünde we «Tatneft Arena» buzly sport toplumynda geçirilýär.

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy ýaryşdaky ikinji duşuşygyny 15-nji ýanwar güni Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň