«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynda 2024-nji ýylyň geçen hasabat döwründe 994 müň tonna golaý karbamid öndürildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, degişli meýilnama 101,2 göterim amal edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, munuň özi 11 aýda bu gymmatly döküniň 75 müň tonna golaýynyň içerki hem-de 1 million 17 müň tonna golaýynyň daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ugradylandygyny aňladýar.
Işiň häzirki depgini garabogazly himiýaçylaryň şu ýyl 1 million 90 müň tonna karbamid öndürmek baradaky meýilnamasyny artygy bilen berjaý etjekdiklerine doly güwä geçýär diýlip, habarda bellenilýär.