Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen suwuklandyrylan gazynyň bir tonnasynyň bahasy 804 dollar diýlip bahalandyrylýar

15:1714.01.2023
0
42785

Türkmenistanda öndürilen suwuklandyrylan gazynyň bir tonnasy bahasy 804 dollar diýlip bahalandyrylýar. Täjik internet çeşmeleriniň habar bermegine görä, munuň özi Gazagystanda, Özbegistanda hem-de Russiýada öndürilýän suwuklandyrylan gazyň bahalaryndan hem ýokarydyr.

Gazagystanda öndürilen suwuklandyrylan gazyň bir tonnasynyň ortaça bahasy 483 dollar, Özbegistanda öndürilen — 505 dollar we Russiýada öndürilen ýangyjyň bahasy 514 dollar diýlip, habarda aýdylýar.

Şunuň bilen birlikde, suwuklandyrylan gazyň bahasynyň Täjigistanda arzanlandygy, hünärmenleriň bolsa muny ýurda getirilýän ýangyjyň mukdary bilen baglanyşdyrýandyklary habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň