Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen böleginiň gurluşyklary tamamlandy

15:4914.01.2023
0
45719

Türkmenistan 2013-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň türkmen bölegindäki gurluşyklar boýunça borçlaryny ýerine ýetirdi. Bu barada täjik internet çeşmesi habar berdi.

Türkmenistan taslamanyň 85 kilometrlik Atamyrat — Ymamnazar bölegini, şeýle hem
Akina bilen Andhoýy birleşdirýän 35 kilometrlik demir ýol liniýasyny gurmalydy. Habar berlişi ýaly, Türkmenistan iki taslama boýunça hem borçlaryny ýerine ýetirdi.

TAT demir ýoluny gurmak boýunça 2013-nji ýylyň mart aýynda üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda Ähtnama gol çekildi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda gurluşygyna başlanan demir ýoluň birinji tapgyry bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň