Top.Mail.Ru

Aşgabatda Olga Şultaýsyň hem-de Osman Nowruzowyň bilelikdäki konserti boldy

09:5625.12.2024
0
7765

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurduň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary dowam edýär. 24-nji dekabrda russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy.

Aşgabatda doglan Olga Şultaýs bu ýyl hem täze aýdymlary bilen muşdaklaryny begendirdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde ol öz täsirlerini paýlaşypdyr: «Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony türkmen dilinde ýerine ýetirdim. Bu aýdyma «Näzli» tans topary hem sazlaşykly çykyşy bilen bezeg berdi.

Mundan başga-da, şu gezekki konsertde «Tarantino», «Meniňki», «Adamlar ýyldyzlar ýaly», «Arzuw et», «Kötellerden geçip, ýyldyzlara tarap» ýaly täze aýdymlarymy tomaşaçylara hödürledim. Gahryman Arkadagyň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtmak meniň üçin has-da buýsandyryjy boldy».

Ozal habar berşimiz ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtlaryň belli estrada ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Täze ýyl baýramçylyk konsertleri 28-nji dekabra çenli dowam eder. Indi bolsa russiýaly belli aýdymçy Arsen Şahunsyň, türkiýeli estrada ýyldyzlary Murat Bozuň, Gülşen Baýraktaryň, tunisli aýdymçy Amani Swissiniň şowhunly çykyşlary Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanhanlary üçin ajaýyp Täze ýyl sowgadyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň