Top.Mail.Ru

Aşgabatda «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy

09:3625.12.2024
0
3903
Aşgabatda «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, ýurduň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ussat halyçylaryň zähmet ýoluny ebedileşdirmäge bagyşlanan sergi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi we «El darak» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraldy.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň dekabrynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungaty bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Sergide ýerleşdirilen fotosuratlar arkaly milli halyçylyk sungatynyň ösüşi, ýurduň dürli sebitlerindäki haly kärhanalaryndan iş pursatlary, ussat halyçylaryň zähmet ýoly bilen giňişleýin tanşyp bolýar. Olaryň birnäçesi geçen asyryň 30 — 40-njy ýyllarynyň halyçylarynyň durmuşyny şöhlelendirse, ýene birnäçesinde ondan soňky döwürde halyçylyk sungatynda alnyp barlan işler öz beýanyny tapýar.

Şolaryň biri hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda dokalan «Türkmen kalby» atly ägirt uly halydyr. Sergide Aşgabatdaky, Gyzylarbatdaky, Balkanabatdaky, Esenguludaky, Bäherdendäki, Gökdepedäki, Tejendäki, Sarahsdaky, Marydaky, Baýramalydaky halyçylyk kärhanalarynda zähmet çeken çeper elli zenanlaryň durmuşyndan alnan fotosuratlary hem synlamak bolýar.

Fotosuratlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň arhiwinden, halyçylyk kärhanalaryndan we halyçy zenanlaryň özlerinden alnypdyr. Käbir fotosuratlar bolsa milli hünärmenleriň tagallalary bilen gaýtadan dikeldilipdir. Olaryň ählisinde bu nepis sungata ömürlerini bagyşlan ene-mamalaryň zähmetsöýer, erjel, yhlasly keşbi janlanýar.

Haly dokamak birnäçe zenanyň agzybirlikde, jebislikde zähmet çekmegi bilen hasyl bolýan sungat bolup, fotosuratlarda bu aýratynlyk aýdyň duýulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň