Top.Mail.Ru

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary görnetin artdy

15:2025.12.2024
0
11684

2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank hyzmatlary arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 18,3 million manatdan hem ýokary boldy. Munuň özi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim köpdür. Bu barada TDH ýazýar.

Soňky 10 ýylyň maglumatlaryna ser salanyňda nagt däl hasaplaşyklaryň ösüş depgini aýdyň duýulýar: bu görkeziji 2013-nji ýylda 4,2 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda 17,3 million manatdan geçdi.

Nagt däl hasaplaşyklaryň ösüşi bank ulgamynda «Internet-bank» we «Mobil-bank» ýaly döwrebap sanly hyzmatlaryň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Şeýle täze hyzmatlaryň arasynda «Menzilara bank» hyzmaty hem bar. 2024-nji ýylyň 1-nji dekabry ýagdaýyna görä, «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen 24,1 müňden gowrak müşderiniň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna, şeýle hem 6,3 müňden gowrak müşderä okuw tölegleri üçin pul serişdeleri resmileşdirildi.

«Halkbank» tarapyndan ýola goýlan «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiliginiň geriminiň giňeýändigi hem aýratyn nygtalýar. 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda «Halkbank terminal» hyzmatynyň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 210,6 million manada ýetdi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 göterim ýokarydyr.

Mundan başga-da, ýurtda «VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň, galtaşyksyz töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy, maliýe amallary üçin täze ykjam programmalaryň döredilmegi boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna goşulyşmagyna hem-de ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna şert döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň