«AZAL» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrap, köpsanly adam pidalaryna getirmegi bilen baglylykda, Azerbaýjanda 26-njy dekabr matam güni diýlip yglan edildi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew bu barada degişli resminama gol çekdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Azerbaijan Arilines» awiakompaniýasynyň «Embraer» kysymly ýolagçy uçary çarşenbe güni Bakudan Russiýa Federasiýasynyň Çeçenistan Respublikasynyň paýtagty Groznyý şäherine uçuşy amala aşyrýarka, Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrady.
Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi uçarda 69 adamyň, şol sanda ekipažyň bäş agzasynyň bolandygyny habar berdi.
«INTERFAX.RU» uçarda Azerbaýjanyň 42, Russiýanyň 16, Gazagystanyň 6 we Gyrgyzystanyň 3 raýatynyň bolandygyny, 32 adam adamyň diri galandygyny habar berdi. Halas bolanlaryň uçaryň guýruk böleginde ýerleşmeginiň olaryň aman galmagyna sebäp bolandygy habarda bellenýär.
«Gazeta.ru» neşiri uçaryň ekipažynyň ähli agzalarynyň, şol sanda uçarmanlaryň ikisiniň hem gurban bolandygyny habar berdi.
Heläkçilige uçardaky gaz ballonynyň partlamagynyň sebäp bolandygyny Mangistau oblastynyň Saglygy goraýyş edarasyna salgylanýan «Kazinform» habar berdi. Uçaryň ir sagat 8:15-de dolandyryş ulgamynyň bökdençligi sebäpli betbagtçylyk barada duýduryş ýollandygy habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, uçar 8:49-da Aktauda heläkçilik gonuşyny amala aşyrmaga rugsat sorapdyr, 9:28- de bolsa, ýere gaçypdyr.
«Mash» neşiriniň habarynda: «Iň soňky pursatda ekipaž raýatlaryň ölümine ýol bermezlik üçin ýere gaçýan uçary howa menziliniň gyrasyna gönükdirmegi başarypdyr» diýilýär. Ýagny oba bilen howa menziliniň arasynda iki kilometrden hem az ekeni.