Turkmenportal logo
Şu gün 14:32
443443
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak Bulut» halkara sergilerde döwrebap gurluşyk çözgütlerini görkezýär

«Ak Bulut» türkmen kompaniýasy öndürýän gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürläp, halkara we sebit derejesindäki ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşmagyny dowam edýär. Kärhana üçin şeýle çäreler innowasion işläp taýýarlamalary görkezmek, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlarynda tanatmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda kompaniýa diňe bir «Boardline» fasad panelleri bilen tanalman, eýsem, sebitde döwrebap asma potolok ulgamlaryny öndürýän iň iri kärhanalaryň biri hökmünde hem bellidir. Ugurdaş sergilere yzygiderli gatnaşmagy netijesinde, «Ak Bulut» kompaniýasynyň önümleri arhitektorlaryň, taslamaçylaryň, gurluşyk kompaniýalarynyň, interýer dizaýnerleriniň we potensial distribýutorlaryň ünsüni özüne çekýär.

Tebigy gips esasynda taýýarlanylýan «Boardline» fasad panelleri kärhananyň esasy işläp taýýarlamalarynyň biri bolmagynda galýar. Bu serişde ekologiýa taýdan arassalygy, uzak ömürliligi we ýokary howpsuzlyk derejesini özünde jemleýär. Paneller A1 ýangyn howpsuzlygy derejesine degişlidir, bu bolsa olaryň ýangyna garşy doly durnuklydygyny tassyklanýar, E1 ekologiýa derejesine laýyk gelip, düzüminde zyýanly maddalary saklamaýar hem-de aýna süýümi bilen berkidilmegi netijesinde, ýokary çydamlylygy we çyglylyga durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Sergä gelenleriň arasynda «Ak Bulut» asma potoloklarynyň görnüşleri hem uly gyzyklanma döredýär. Kärhana on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda potolok ulgamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanyp, ýaşaýyş jaýlary, edaralar, söwda merkezleri, bilim edaralary, lukmançylyk desgalary we senagat binalary üçin döwrebap çözgütleri hödürleýär.

Kompaniýanyň önüm görnüşlerine winil örtükli gips potoloklary, metal, alýumin we akustiki asma potoloklar girýär. Olar döwrebap dizaýny, ulanyş taýdan amatlylygy we uzak ulanyş möhleti bilen tapawutlanýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty her ýylda 4 million inedördül metre çenli asma potoloklary, şeýle hem potolok ulgamlaryny gurnamak üçin zerur bolan 7 müň tonna golaý sinklenen metal profilleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Bulut» önümleri Türkmenistanyň içerki bazarynda giňden elýeterlidir, şeýle hem GDA, Zakawkazýe we Ýewropa ýurtlaryna üstünlikli eksport edilýär. Soňky aýlarda kompaniýa «Boardline» fasad panelleriniň eksportyny has-da giňeldip, olary gurluşyk pudagy işjeň ösýän we döwrebap ekologik serişdelere isleg artýan Özbegistanyň bazaryna ýerleýär.

Sergi meýdançalarynda kompaniýanyň hünärmenleri diňe bir önümleriň nusgalaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik tehnologiýalary, halkara hil standartlary we serişdeleriň artykmaçlyklary barada hem jikme-jik maglumat berýärler. Serginiň myhmanlary önümleriň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmaga, dizaýnerlik çözgütleriniň köpdürlüligine baha bermäge we serişdeleri dürli gurluşyk taslamalarynda ulanmak boýunça maslahatlary almaga mümkinçilik alýarlar.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, sergilere gatnaşmak ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle çereler pudagyň häzirki zaman meýillerini öwrenmäge, daşary ýurtly öndürijiler bilen tejribe alyşmaga, hünärmenler jemgyýetçiliginiň pikirlerini bilmäge we kärhananyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.

Şu günki günde «Ak Bulut» Türkmenistanyň gurluşyk serişdelerini öndürýän öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hökmündäki abraýyny has-da berkidýär. Döwrebap fasad ulgamlary, asma potoloklaryň giň görnüşleri, ýokary önümçilik kuwwaty we halkara standartlaryna laýyklyk kompaniýa içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli bäsleşmäge mümkinçilik berýär, ugurdaş sergilere gatnaşmagy bolsa onuň yzygiderli ösüşe we täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga bolan ymtylmasynyň nobatdaky subutnamasydyr.