Türkmenabadyň himiýa kärhanasynyň önümhanalarynyň arasynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümi ilkinji bolup, täze ýylyň hasabyna önüm öndürip başlady. 2016-njy ýylda ulanmaga berlen bu önümhana her ýyl 150 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasyny öndürip, ýurduň içerki bazardaky talabyny doly kanagatlandyryp gelýär.
2024-nji ýylda hem bu önümhana 155 müň tonna kükürt kislotasyny öndürip, bu baradaky meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Öndürilen önümiň 70 müň tonnadan gowragy bolsa içerki bazaryň sarp edijilerine ugradyldy. Ýylyň aýagyna çenli ýene-de 10 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmek wezipesi öňde goýuldy.
Amyderýanyň sag kenaryndaky gazy gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilýän sary kükürt bu ýere demir ýol çelek wagonlary arkaly getirilýär. Önümiň hiliniň gowy bolmagy daşary ýurtly işewürlerde hem oňa bolan gyzyklanmany döredýär. Şonuň üçin täze ýyldan başlap, bu önümiň öndürilişini ýene-de artdyrmak göz öňünde tutulýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.