Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk hakynda 15 sany resminama gol çekdiler, Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan döwletleriň içinde 10-luga girdi, «Halk market» ähli dükanlar zynjyrynda gök önümleriň we miweleriň bahasyny 15% çenli arzanlatdy

11:4408.12.2022
0
35808

1. 15 sany resminamadan ybarat toplum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Bu resminamalara Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň Moskwa iki günlük saparynyň dowamynda gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, şeýle hem ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlar boýunça şertnamalar bar.

2. Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan bolan dünýädäki 10 döwletiň sanawyna goşuldy. «Global Petrol Prices» guramasynyň habar bermegine görä, Türkmenistan 95 oktan belgili benziniň elýeterliligi boýunça sanawda ýedinji orny eýeleýär. Bütin dünýäde benziniň ortaça bahasy bir litr üçin $1,30, dünýäde iň arzan benzin Wenesueladadyr – bir litr üçin $0,016. Şeýle hem Liwiýa we Eýran döwletleri degişlilikde, $0,031 we $0,053 görkezijileri bilen öňdäki üçlükde durandyrlar.

3. «Halk market» dükanlar zynjyrynyň Aşgabatdaky dükanlarynda ter gök önümleri we miweleri 15% arzan bahadan satyn almak mümkinçiligi dörediler. Aksiýa 31-nji dekabra çenli dowam eder.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

5. 12-16-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Rus kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler. Hepdeligiň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Aşgabat» we «Berkarar» kinoteatrlarynda, şeýle hem Russiýa öýünde filmlre we multfilmlere tomaşa edip bilersiňiz. Açylyş dabarasy 12-nji dekabrda sagat 11:45-de «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Ähli görkezişlere giriş mugt.

6. Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda taraplar Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa täze halkara multimodal ulag geçelgesini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Täze geçelgäniň guryýer bölegi Gyrgyzystandan başlap, Özbegistanyň çäginden geçip, Türkmenstanyň Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşy portuna çenli bolar. Ondan soňra ýükleri deňiz ulaglary arkaly Russiýanyň Astrahan portuna çenli daşamak teklip edilýär.

7. 12-14-nji dekabr aralygynda Daşkentde GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy geçiriler, ol «Ynsanperwer hyzmatdaşlyk – 30 ýyllyk tejribe we ösüşiň mümkinçilikleri» atly mowzuga bagyşlanar. Forumyň çäklerinde Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň «Arkalaşygyň ýüzleri» atly sergisi guralar, «Arkalaşygyň ýyldyzlary» döwletara baýragynyň we «Ilkinjileriň Arkalaşygy» halkara baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

8. «Geýşanyň ýatlamalary», «Egilýän gaplaň, gizlenen aždarha», «Awatar: suwuň ýoly» filmlerindäki keşpleri bilen meşhurlyk gazanan aktrisa Mişel Ýeo «Time» žurnalynyň nusgasy boýunça 2022-nji ýylyň stiliniň nyşany diýlip ykrar edildi. Aktrisa diňe bir Golliwudda däl, eýsem, Aziýa kinematografiýasynda hem meşhurdyr. Onuň soňky taslamalarynyň biri hem – «Jadygöý: Gelip çykyş» filmidir, ol baş gahrymanlaryň biriniň keşbini janlandyrýar.

9. Naýbaşy liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň tmamlanmagyna 3 tapgyr galanda dörän «Altyn medaly kim alar?» diýen sowal aradan aýryldy. «Ahal» futbol topary myhmançylykda Türkmenbaşynyň «Şagadam» topary bilen geçirilen gyzgalaňly duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, möhletinden öň ýurduň çempiony boldy. «Ahal» taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda birinji orny eýeledi, Ahal welaýatynyň futbol topary bu üstünligi türkmen tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda gazandy.

10. AFK-nyň metbugat gullugy Saud Arabystanynyň 2027-nji ýylda erkekleriň arasynda futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny geçirmek üçin ýeke-täk dalaşgär bolup galandygyny habar berdi. Ýerine ýetiriji komitete Bütinhindi futbol federasasiýasynyň bäsleşigi geçirmek boýunça beren arzasyny yzyna alandygy habar berildi. AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti gutarnykly netijäni guramanyň kongresiniň 2023-nji ýylda Bahreýnde geçiriljek mejlisinde kabul eder. Saud Arabystany häzire çenli bir gezek hem bu bäsleşigi geçirmändi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň