Habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistana sapar bilen geldi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy hanym Sahiba Gafarowany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ýola goýulan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşar, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş eder hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meýilleşdirildi.
Şeýle-de okaň: