GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХV forumy Daşkende geçiriler

14:5407.12.2022
0
23942
GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХV forumy Daşkende geçiriler
Surat: milochka.tourister.ru

12-nji dekabrdan 14-nji dekabra çenli Daşkende geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХV forumy «Gumanitar hyzmatdaşlyk — 30 ýyllyk tejribe we ösüş perspektiwalary» atly mowzuk boýunça bolar.

Forumyň çäginde dürli sergiler, «Arkalaşygyň ýyldyzy» atly döwletara baýragynyň gowşurylyş dabarasy guralar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasynda habar berildi. Şeýle hem forumyň çäginde «Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni mirasy», «GDA ýurtlarynyň ylmy we bilim jemgyýeti», «Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygy» ýaly birnäçe duşuşyklar geçiriler.

Forumyň çäginde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk geňeşiniň we GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň geňeşiniň bilelikdäki ýygnagy geçiriler. Forumyň ahyrynda jemleýji kararlar kabul ediler.

GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestri forumda konsert bilen çykyş eder.

2006-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumlary ylmy we döredijilik ulgamynyň görnükli şahsyýetleriniň, GDA-nyň döwletara guramalarynyň wekilleriniň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň degişli bölümleriniň arasynda gepleşikleriň täze merkezine öwrüldi. Däp bolşy ýaly, forumlar kabul ediji döwletleriň ýolbaşçylygynyň gatnaşmagynda GDA agza ýurtlaryň paýtagtlarynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň